Mugallymçylyk ussatlygy ösdürmegiň esasy ýollary we şertleri
Iş tejribede ýaş mugallymlaryň okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramagy üçin olara bildirilýän talaplar anykdyr we olar belli bir kadalara laýykdyr. Mugallymyň şahsy hili – sözleýşi, söz baýlygy bilen hem tapawutlanýar. Hünär medeniýeti (etikasy), ýekebara (aýrabaşga) ýörelgä köp üns bermek, şahsy arassaçylyk (gigiýena) soraglary hem öz wajyplygyny ýitirmeýär. Synpda okatmakda ýüze çykýan kemçilikler ýagny, synpda tertip-düzgün, umumy usuly kemçilikleri düzetmek yzygider işlemekligi talap edýär. Okuwçylaryň şahsy aýratynlygyny bilmeklik uly ähmiýete eýedir. Synpyň içiniň arassalygy we onda goýlan zatlaryň tertipliligi, okuw otagynyň ýagtylygy, şeýle-de, howanyň arassalygy we temperaturasy okuw işiniň geçiriliş ýagdaýyna täsirlidir.Sapaklaryň maksady – bilim berlişiniň düýp mazmunyny anyk açyp görkezmelidir, şeýle-de hil hem mukdar (okuwçylaryň näçesi işjeňlik görkezdiler, näçesi sapagy özleşdirdi we ş.m.) babatda anyk derejeleriň gazanylmagyna eýermelidir. Sapaklaryň dogry kesgitlenilen maksatlaryna ýetilmegi diňe mugallymyň pedagogik ussatlygyna bagly.Pedagogyň interaktiw sapaklardaky işiniň görnüşleriniň artmagy, okuwçylaryň geçilen material hakynda [...]
Dowamyny oka