Bitaraplyk baýramy - parahatçylygyň milli ýörelgesi

Bitaraplyk baýramy - parahatçylygyň milli ýörelgesi

Her ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Bitaraplyk Baýramyny giňden belleýär. Bu sene, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň resmi taýdan ykrar edilen güni hökmünde bellenilýär. Bu baýram ýurduň parahatçylyk we durnuklylyk ýörelgelerine ygrarlylygyny, halkara gatnaşyklarynda özara hormat we hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny ýatladýan aýratyn bir baýramdyr. Türkmenistan Bitaraplyk syýasatyny diňe bir parahatçylyk we durnuklylyk üçin esas hökmünde ulanyp galman, ony täze halkara taslamalary bilen has-da berkitmäge çalyşýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň öňünde energiýa howpsuzlygy, daşky gurşawyň goraglylygy, we ulag geçelgelerini ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda täze başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň täze teklipleriniň biri – Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän energiýa we ulag geçelgeleriniň ösdürilmegini tizleşdirmek. Bu taslama diňe bir ykdysady ösüşe itergi bermek bilen çäklenmän, dürli ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny we parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň diňe bir sebitleý [...]

Dowamyny oka
Limon: saglyga peýdaly, gadymy miwe

Limon: saglyga peýdaly, gadymy miwe

Limonyň asyl watany Hindistan hasaplanyp, käbir ýurtlarda “hindi almasy” diýlip atlandyrylýar. Bu miwe adamzat tarapyndan üç müň ýyl mundan ozal saglyga peýdalydygy üçin ulanylypdyr. Gadymy Müsürde limon şiresi sarymsak bilen garylyp, bedeniň güýjüni artdyrmak, immuniteti güýçlendirmek we zeperlenmeden goramak üçin içilipdir. Grekler limona “altyn alma” diýip, uzak ýaşamaga we saglyk saklamaga kömek edýändigine ynanypdyrlar. Limon XI asyrda Hytaýda dermanlyk maksatly ulanylyp başlanypdyr. C witamini köpdügi üçin limon garamükür keseliniň öňüni almakda peýdalanylypdyr. Şeýle hem limon immuniteti güýçlendirýär, agyr kesellerden goramakda we işe ukyplylygy artdyrmakda peýdaly. Limonly çaý üsgülewügi bejermekde, şeýle hem irden açkarnyna limonly suw içmek horlanmak isleýänlere maslahat berilýär. Häzirki wagtda dünýäde limon öndürmekde Hindistan we Meksika öňdeligi saklaýar. Limon agajy 30-40 ýyl ömür sürüp, her ýylda 300-e golaý miwe berýär. Mähri OrazowaBeki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.Salgy : https://ahal.info [...]

Dowamyny oka
Özüňe erk etmek hakynda

Özüňe erk etmek hakynda

Durmuş sungatdyr. Bu sungatyň kämillik derejesiniň gönüden-göni öz eliňdedigini, paýhasyňa we erkiňe baglydygyny unutma! Sen öz elleriň, paýhasyň hem erkiň bilen öz şahsyýetiňi ökde suratkeşiň sungat eserini döredişi ýaly döretmelisiň, kemala getirmelisiň!Söze erk edip bilmek uly sungatdyr. Söz adamlaryň bir-biri bilen gatnaşygynyň serişdesidir. Aňyna erk edip bilen adam durmuşda islendik maksadyna ýetip biler. Adam öz gaharyna, erkine jylaw salmagy, özüne erk etmegi başarmalydyr. Özüne erk edip bilmedik adam hiç bir zat gazanyp bilmez, hiç bir menzile ýetip bilmez. Özüňe erk etseň, ähli ýollar açykdyr, özüňe erk edip bilmeseň, çar ýanyň petikdir. Dünýä özüne erk edip bileniňkidir. Özüňi islege görä däl-de, zerurlyga we talaba görä ýaşamaga mejbur et!Isleýän zadyňy däl, zerur zady etmäni başar. Özüňi ele alsaň, dünýäni ele alarsyň. Özüňe erk etmek, ilkinji nobatda, duýgularyňa erk etmekdir. Aýaklaryň islän ýerine däl, akylyň hem bähbidiň görkezen ugruna gitsin! Elleriň islän zadyny däl, zerurlygyň [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09