Kämil bilim - röwşen ertirleriň açary
Her bir güni beýik ösüşlere, täze özgertmelere beslenýän gözel Diýarymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz:”Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda dälde, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini gökezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir. Döwletimizde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny [...]
Dowamyny oka