Matematika ylmynyň ösüş taryhy ýa-da matematika adalgasyna akyl ýetirmek
Matematika daş-töweregimizi gurşap alan dünýäniň mukdar gatnaşyklaryny we giňişlik formalaryny öwrenýär. Ine, bu bolsa matematikanyň predmetidir. Matematikanyň abstraktlygy onuň material hakykatdan üzňeligini aňlatmaýar. Tehnikanyň we tebigy bilimleriň talaby bilen aýrylmaz baglanşykda matematikanyň öwrenýän mukdar gatnaşyklarynyň we giňişlik formalarynyň gerimi üznüksiz giňeýär. Şeýlelikde, ýokarda getirlen matematikanyň kesgitlemesi has baý mazmun bilen doldurylýar.„Matematika― adalgasy grekleriň mathema sözünden gelip çykmak bilen ―ylym―, „bilim―, „akyl ýetirmek― diýmegi aňladýar. Bu adalga türkmen diline rus dilinden, rus diline polýak dilinden, polýak diline latyn dilinden, latyn diline bolsa grek dilinden geçipdir.Matematikanyň taryhy matematikanyň ösüşiniň obýektiw kanunlary baradaky ylymdyr. Şuňa degişlilikde matematikanyň taryhynyň öňünde örän köp meseleleri çözmek goýulyar. Ol meseleleri sanap geçmäge mümkinçilik azdyr, oňa zerurlyk hem ýok. Biz olary sanap geçmek bilen çäklenmän taryhy-matematiki derňewleriň ugurlaryna jemleýji häsiýetde häsýetnamalar bereliň.1. Käbir halklarda kesgitli taryhy döwürde matematikanyň ösüşiniň häsiyetleri we ayratynlyklary, geçmişdäki matematikleriň, [...]
Dowamyny oka