Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun

Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow:,,Halkymyzyň saglygy berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr” diýip belleýär. Munuň özi,, Döwlet adam üçindir! ” diýen ýörelgä laýyklykda halkymyz hakynda edilýän aladanyň beýanydyr.Saglyk ähli gowulyklaryň sakasynda duran, adama berlen bahasyna ýetip bolmajak peşgeşdir. Ol adam ömrüniň bezegidir.Mähriban Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda neşekeşlige, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, çilimkeşlige, naskeşlige garşy ýörite kararlar kabul etdi. Garaşsyz döwletimiziň, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesil hakynda uly alada edilýär.Şol aladalar çagalaryň abadan ýurtda, sagdyn durmuşda ýaşamaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurt baştutanymyzyň kabul edýän kararlaryna, çykarýan permanlaryna mynasyp işler bilen jogap bermek, Watanymyzyň bähbitlerine ak ýürekden hyzmat etmek biziň her birimiziň, ylaýta-da, mugallymlaryň borjudyr.Biz nesillerimiziň aňynda şeýle nogsanlyklara ýigrenç duýgusyny ir döwürden oýarmaga çalyşmalydyrys. Geljekde gönüden-göni çagalar bilen iş salyşjak mugallymlary taýýarlamak bilen meşgullanýanlar üçin--ä bu wajyp [...]

Dowamyny oka
Täzelenişiň baýramy

Täzelenişiň baýramy

Bahar paslynyň gelmegi bilen kalplarymyza şatlyk paýlaýan, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy türkmen halkynyň iň gadymy we iň söýgüli baýramlarynyň biridir. Bu baýram diňe bir täze ýylyň başlangyjy däl, eýsem dostlugyň, agzybirligiň we bereketiň nyşanydyr.Nowruz—pars dilinden terjime edilende "Täze gün" diýmekdir. Gündogar halklarynda, şol sanda türkmenlerde bu gün gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna, ýagny 21-nji marta gabat gelýär. Bu senany biz astronomik taýdan täze ýylyň başlangyjy we hakyky baharyň gelişi hökmünde garşylaýarys.Nowruzyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine, has takygy ekerançylyk medeniýetiniň dörän döwürlerine çenli uzap gidýär. Bu baýram 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi, 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan "Halkara Nowruz güni" diýlip yglan edildi.Ýurdumyzda Nowruz baýramy aýratyn bir dabara, milli öwüşginler bilen bellenilip geçilýär. Baýramçylyk günlerinde aşakdaky esasy däp-dessurlar berjaý edilýär:Semeni taýýarlamak: Nowruzyň baş tagamy [...]

Dowamyny oka
Milli terbiýe bermekde terbiýeçiniň innowasion ukyplary

Milli terbiýe bermekde terbiýeçiniň innowasion ukyplary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak barada aladalarynyň netijesinde uly işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda mekdebe çenli bilim we terbiýe aýratyn orun tutýar.Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň aňy ak kagyza meňzeýär. Biz şol kagyzda sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen nähili şekilleri çekýäris? Ine, şu ýerde terbiýeçiniň innowasion ukyby öňe çykýar. Tehnologiýa diňe bir "gural" däl-de, milli terbiýäni çaganyň kalbyna ýetirýän "altyn köprüdir".Terbiýeçiniň innowasion ukyplary diýenimizde, biz diňe bir kompýuteri açyp-ýapmagy däl, eýsem şu aşakdakylary göz öňünde tutmalydyrys:Sanly mazmuny milli äheňde döretmek: häzirki zaman terbiýeçisi diňe taýýar programmalary ulanman, eýsem türkmen halk ertekilerini, nakyllaryny we matallaryny çagalaryň ýaşyna laýyk sanly animasiýalara öwrüp bilmelidir. Mysal üçin, "Akpamyk" ýa-da "Böwenjik" ýaly ertekileri sesli we hereketli slaýdlar arkaly görkezmek çaganyň [...]

Dowamyny oka
Remezan mekdebi – sabyrdan kanagatlylyga

Remezan mekdebi – sabyrdan kanagatlylyga

Ynsan kalbynyň nury, sabyr-takatlylygyň miwesi bolan Oraza baýramy — bu diňe bir dini dabaralar däl, eýsem halkymyzyň köpasyrlyk asylly däp-dessurlarynyň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň jemlenýän ýeridir.Adamzat taryhynda ynsanyň ruhy dünýäsini tämizleýän, ony ýagşylyga, rehimdarlyga we pähim-paýhasa çagyrýan mukaddes seneler bar. Şolaryň arasynda musulman dünýäsiniň iň uly baýramlarynyň biri bolan Oraza baýramy (Eýd-al-Fitr) aýratyn orun tutýar. Bu baýram bir aýlap dowam eden remezan aýynyň — ruhy synagyň, nebsi jylawlamagyň we sabyrlylygyň ajaýyp netijesi.Oraza baýramyna çenli geçilen bir aýlyk ýol  bu hakyky ruhy mekdepdir. Agyz beklemek diňe bir iýmekden-içmekden saklanmak däl-de, eýsem dili gybatdan, gözi erbetlikden, kalby bolsa öýke-kineden arassalamakdyr. Baýram güni bolsa, şol sabyrlylygyň we päkligiň dabaralanmasy hökmünde gelýär. Bu gün ynsan özüniň ruhy taýdan täzelenendigini, has-da kämilleşendigini duýýar. Şonuň üçin hem bu baýram her bir ynsan üçin özboluşly “ruhy hasabat” günüdir.Oraza baýramynyň iň uly gymmatlyklaryndan biri sahawatlylykdyr. [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09