Algyn pendim, jigerbendim!

Algyn pendim, jigerbendim!

MERTEBE-ömrüň manysy Türkmen halky ynsan üçin durmuşda möhüm bolan gymmatlyklaryň ençemesini kesgitläpdir. Ata–babalarymyzyň “Mertebäň belent bolsyn!” diýmegi-de ýöne ýere däldir. Ynsan ömriniň manysy mertebeli ýaşaýyşda jemlenendir. Il içinde belent mertebeli adamlaryň sylag hormaty belent bolupdyr. Durmuşda mertebe diýen düşünje dürli garaýyş bar. Mertebeni her kim bir ýerde, ýagny bir ylymda, biri baýlykda görýär. Umuman, mertebe diýen düşünje bolan garaýyş dürli manyda ýaýrandyr.Orta asyr alymlarynyň birnäçesi “Ynsan üçin ylymdan beýik mertebe ýokdyr” diýip belläp geçýär. Elbetde, ylym ynsany dürli mertebe belentligine ýetirip bilýär. Ýöne durmuşda mertebe belentligine adamçylyk häsiýetleri bilen ýetmek möhümdir.Halk arasynda meşhur rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär. Gadym eýýamlarda baýlyk,  ylym we mertebe üçüsi bir saçagyň başynda jem bolup, özara gürrüňe gyzypdyrlar. Baýlyk özini mahtap başlapdyr:” Meniň adamlara täsirim örän uly. Olary parlaklygym bilen özüme çekýärin. Her bir ýagdaýda meni ýatlama, maňa arka diremäge mejbur [...]

Dowamyny oka
Sanly ykdysadyýet döwrüň talaby

Sanly ykdysadyýet döwrüň talaby

Dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň hem kuwwaty ylymdyr. Ylym - öňegidişlikleriň, täze açyşlaryň açary bolup durýar. HormatlyPrezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzy ähli taraplaýyn ösdürmek, dünýäniň iň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, sanlyykdysadyýeti ösdürmek boýunça beýik işler alnyp barylýar. Şol işleriň özeninde bolsa hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur paýhasa eýlenen parasatly syýasaty bar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2018 ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran Karary bilen "Türkmenistanda 2019-2025 ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy“ tassyklanyldy. Bu resminama 7-i bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenen. Konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa geçirmek niýetlenen:birinji tapgyryň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaralary kesgitlemek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topary döretmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çä [...]

Dowamyny oka
YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň esasynda adam hakyndaky alada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1146 adama Türkmenistanyň raýatlygynyň, 134 adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýurdumyzda ynsanperwer ugruň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda halkara bileleşiginde parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirmek bilen birlikde, bosgunlaryň işi boýunça halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen geçiren gepleşiklerinde bosgunlaryň iş [...]

Dowamyny oka
GARAŞSYZLYK – HALKYŇ BEÝIK YKBALY

GARAŞSYZLYK – HALKYŇ BEÝIK YKBALY

Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Döwlet özygtyýarlylygymyzyň milli ýörelgeleri Konstitusiýamyzda hem öz beýanyny tapýar. Belli bolşy ýaly, 33 ýyl mundan ozal erkinligi, özygtyýarlygy baýdak edinen halkymyz bu gün bereketli türkmen topragynda Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýär. Bitarap döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek maksady bilen öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn ösüşler bilen barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň başynyň täji bolan mukaddes Garaşsyzlyk umumy ykrar edilen mizemez ýörelgedir. Garaşsyz döwlet bolmaklyk ykbalyňy erkin kesgitlemekdir. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09