GARAŞSYZLYK – HALKYŇ BEÝIK YKBALY
Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Döwlet özygtyýarlylygymyzyň milli ýörelgeleri Konstitusiýamyzda hem öz beýanyny tapýar. Belli bolşy ýaly, 33 ýyl mundan ozal erkinligi, özygtyýarlygy baýdak edinen halkymyz bu gün bereketli türkmen topragynda Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýär. Bitarap döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek maksady bilen öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn ösüşler bilen barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň başynyň täji bolan mukaddes Garaşsyzlyk umumy ykrar edilen mizemez ýörelgedir. Garaşsyz döwlet bolmaklyk ykbalyňy erkin kesgitlemekdir. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň [...]
Dowamyny oka