Empatiýa

Empatiýa

Bu beýleki bir adama düşünmekligiň we ony kabul etmekligiň mehanizmidir. “Empatiýa bir adamyň şahsyýetiniň beýleki adamyň şahsyýeti bilen deňleşip, onuň beýleki adamyň duýgularyna geçmegini aňladýar.” Empatiýada bir adamyň beýleki adamy “arassa görnüşde” kabul etmegi, tanamagydyr. Empatiýa beýleki bir adamy takyk kabul etmek “usulydyr”. Sebäbi oňa stereotip göz öňüne getirmeler we düşündirmeler gapdaldan oňaýsyz täsirlerini ýetirip bilmeyärler. Ynsanperwer aragatnaşykda bir adam beýleki adamy stereotipli däl-de, ýagny, hut şu pursatda zeryr we zerur däl häsiýetlere, gerekli we gerekli däl fuksiýalara bölmän bütewiligine kabul edýär. Şonuň üçin hem otluda ýolagçy bileniki sagat gepleşenimizden soň, biziň ony tanandygymyza, oňa düşünendigimize ynamly bolup bilyäris. Şol bir wagtyň özünde birnäçe ýylyň dowamynda günde diýen gabatlaşýan hojaýynyň kätibiniň nähili adandygyna düşünmeyäris, ýa-da örän erbet düşünyäris. Hiç hili maksat yzarlaman biri-birine düşünişmäge ymtylyp, biziň aç-açan gürleşen ýolagçymyz “bize ýüreginini aç [...]

Dowamyny oka
Bilimli nesiller — döwrüň guwanjy

Bilimli nesiller — döwrüň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň, uzak möhletli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim edaralarynyň işi milli ýörelgelere we öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda barha kämilleşdirilýär.Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly başga-da birnäçe dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. [...]

Dowamyny oka
ATA SALYH (1908-1964)

ATA SALYH (1908-1964)

Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh 1908-nji ýylda Mary oblastynyň Murgap raýonynyň Şordepe obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Üç ýaşyny doldurmanka gözagyry keselinden göreçleri şikes tapýar we ol göreçlerinden mahrum bolýar.Ata Salyh ýaşlykda düşbi, zehinli, bilesigeliji bolup gürrüňçi hem dessançy ýaşulularyň, ertekiçi mamalaryň gürrüňlerini diňläpdir. Halk arasynda giňden ýaýran “Görogly” eposy, Keýmir kör, Aldar Köse, Esen Polat, Myraly, Japbaklar hakyndaky ýiti şorta sözler, legendalar hem rowaýatlar şahyryň aň-düşünjesiniň ösmegine dünýägaraýşynyň terbiýelenmegine täsir edipdir.Ata Salyh 11-12 ýaşlarynda goşgy düzüp başlaýar. Döredijilik işinde Ata Salyhyň hakyky mugallymlary Körmolla hem Mollamurt bolupdyr.Şahyryň ilkinji goşgusy 1931-nji ýylda Maryda çykýan “Täze oba” gazetinde çap edilýär. Şahyr “Tokmak” žurnalynda hem-de “Sowet Türkmenistany” gazetiniň ýörite habarçysy bolýar.Döredijilik işinde gazanýan üstünlikleri üçin A.Salyh 1934-nji ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalagyna kabul edilýär. A.Salyh gözsüzligine garaman sowet [...]

Dowamyny oka
Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy

Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy

Magtymguly Pyragy öz ady we öçmez-ýitmez döredijiligi bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Çünki Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09