Baş baýramymyz — göwünleriň tugy

Baş baýramymyz — göwünleriň tugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni şanly senelere, taryhy wakalara, uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Ynha, şu günler agzybir türkmen halky zähmet üstünlikleri bilen ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär.Ýurdumyzyň özygtyýarlylygy halkymyzyň bagtyýarlygynyň, röwşen ertirlere bolan beýik ynamynyň beýanydyr. Çünki Garaşsyzlyk — halkymyzyň erkinliginiň, parahatçylygynyň mukamydyr, ykbalynyň göterilmesidir, şan-şöhratynyň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw-umytlary täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy.Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär.Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli dö [...]

Dowamyny oka
Külli türkmeniň nesihatçysy

Külli türkmeniň nesihatçysy

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, eýsem, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki şahyr hemişe özünden öňki ägirtleriň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, ölmez-ýitmez eserleri döredipdir.Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şygryýetiň almaz täjine eýe bolandyr. Türkmeniň ruhy sütüniniň öwüşgini Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň kalbynyň owazydyr. Söz äleminiň zergäri akyldar şahyryň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy, dil aýratynlygy, pikir ummany, tapylgysyz hazynadyr. Söz ussadynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, asly nurdan bolan milletimize geljegiň aýdyň ýoluny salgy berýär.Akyldar  şahyrymyzyň miras galdyran goşgularynyň, öwüt-nesihatlarynyň, edep-terbiýe hakyndaky pelsepeleriniň biziň üçin uly mekdep bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, [...]

Dowamyny oka
Grammatik derňew nusgalary

Grammatik derňew nusgalary

Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew.Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele getirýän sesler seljerilýär we olaryň çekimli ýa çekimsiz, inçelik-ýogynlyk, dodaklanmak-dodaklanmazlyk, açyklyk-dymykyk, uzyn-gysgalyk, giň-darlyk, sonorly-sonorsyz… ýaly häsiýetleri bellenýär.ElekE – çekimli, inçe çekimli, giň çekimli, dodaklanmaýan, gysga çekimli.L – çekimsiz, açyk çekimsiz,sonorly.E – çekimli, inçe çekimli, giň çekimli, dodaklanmaýan, gysga çekimli.K – çekimsiz, dymyk çekimsiz.Morfologik derňew sözleriň düzümini (asyl söz we ýasama söz, hillerini) sada söz, goşma söz, tirkeş söz, söz toparlaryny (haýsy söz toparyndandygyny), goşulmalary (söz ýasaýjy, forma ýasaýjy, söz üýtgediji) ýüze çykarýar.Sapar – okuwçylaryň ökdesi.Sapar – at, has at, sada söz, asyl söz.Okuwçywlaryň – okuw -at, jyns at, asyl söz; -çy – goşulma, ýasaýjy goşulma; -lar – goşulma, köplük san goşulmasy, üýtgediji goşulma; -yň – goşulma, eýelik düşümiň goşulmasy, üý [...]

Dowamyny oka
GARAŞSYZLYGYŇ ŞUGLASY TALYP ÝAŞLARYŇ DILLERINDE

GARAŞSYZLYGYŇ ŞUGLASY TALYP ÝAŞLARYŇ DILLERINDE

Mukaddes ata Watan, ene toprak-türkmen halkynyň köňül köşgüniň ruhy sütünidir, Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa başymyzyň tylla täjidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlyk türkmen halkyna uly bagt getirdi. Döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterdi. Il-ulusymyz mukaddes Garaşsyzlygymyza ruhumyz bilen guwanýar, watansöýüjilik bilen buýsanýar, erkanalyk ylhamy joşup, ony diliniň senasyna öwrüp, belentden- belent wasp edýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryň amala aşmagyna köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk dünýä meşhur, görnükli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:” Berkarar döwlet istärin” diýip, arzuw eden ajaýyp zamanasydyr.2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda mekdebimizde geçirilen  “GARAŞSYZLYK - BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY” atly aýdym-sazly dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen çykyşlar hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09