Sanly ykdysadyýet döwrüň talaby

Sanly ykdysadyýet döwrüň talaby

Dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň hem kuwwaty ylymdyr. Ylym - öňegidişlikleriň, täze açyşlaryň açary bolup durýar. HormatlyPrezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzy ähli taraplaýyn ösdürmek, dünýäniň iň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, sanlyykdysadyýeti ösdürmek boýunça beýik işler alnyp barylýar. Şol işleriň özeninde bolsa hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur paýhasa eýlenen parasatly syýasaty bar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2018 ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran Karary bilen "Türkmenistanda 2019-2025 ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy“ tassyklanyldy. Bu resminama 7-i bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenen. Konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa geçirmek niýetlenen:birinji tapgyryň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaralary kesgitlemek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topary döretmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çä [...]

Dowamyny oka
YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň esasynda adam hakyndaky alada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1146 adama Türkmenistanyň raýatlygynyň, 134 adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýurdumyzda ynsanperwer ugruň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda halkara bileleşiginde parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirmek bilen birlikde, bosgunlaryň işi boýunça halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen geçiren gepleşiklerinde bosgunlaryň iş [...]

Dowamyny oka
GARAŞSYZLYK – HALKYŇ BEÝIK YKBALY

GARAŞSYZLYK – HALKYŇ BEÝIK YKBALY

Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Döwlet özygtyýarlylygymyzyň milli ýörelgeleri Konstitusiýamyzda hem öz beýanyny tapýar. Belli bolşy ýaly, 33 ýyl mundan ozal erkinligi, özygtyýarlygy baýdak edinen halkymyz bu gün bereketli türkmen topragynda Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýär. Bitarap döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek maksady bilen öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn ösüşler bilen barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň başynyň täji bolan mukaddes Garaşsyzlyk umumy ykrar edilen mizemez ýörelgedir. Garaşsyz döwlet bolmaklyk ykbalyňy erkin kesgitlemekdir. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň [...]

Dowamyny oka
Mugallymyň okuwçylara  söz üsti bilen täsir etme usullary

Mugallymyň okuwçylara söz üsti bilen täsir etme usullary

Söz üsti bilen täsir etme amala aşyrlanda ynandyrmaklygyň esas bolmagy hem mümkin. Mugallymyň okuwçylara söz üsti bilen täsiri ähli okuw terbiýeçilik işiniň ýerine ýetirilişidir.Ynandyrmagyň söz üsti bilen täsiri şu görnüşlerde bolup biler: habar, hekaýa, düşündirme, subut etme.Söz üsti ynandyrmagyň çagalaryň ýaş aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýagdaýy dürli hilidir. Söz üsti bilen täsir edilende, okuwçylaryň ýekebara aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr.Çagalara  söz üsti bilen  aragatnaşykda   edilýän  täsir   joşgunly  (emosional) hem  bolup  biler.  Çagalara  joşgunly  täsir  etmegiň  şeýle  görnüşleri  bardyr:  buýruk,  goldaw,  yşarat,  ara alyp  maslahatlaşmak. Umumy bilim  berýän mekdepde  okuw terbiýeçilik  işiniň möhüm serişdesi mugallymyň okuwçylara pedagogik  täsiri bolup durýar. Sosiologik we psihologik nazaryýetler,şeýle hem köpçülikleýin we öňde  baryjy pedagogik  tejribäniň seljermesi& [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09