GARAŞSYZ WATANYŇ GUWANJY — ÝAŞLAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyly içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda ýurdumyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar aýratyn orny eýeleýär. 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem ýaşlar syýasatynyň täzeçe röwüşde dabaralanýan ýylydygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi, ýaşlarymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen möhüm çözgütleriň durmuşa geçirilmeginde taýsyz tagallalary edip, ajaýyp başlangyçlaryň amala aşyrylmagy üçin her bir işi maslahatly, geňeşli çözmegi indi ýurdumyzda asylly [...]
Dowamyny oka