“Bir asyrlyk şöhratly ýol – bu ynsanperwerligiň ýeňşi!”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda 2026-njy “Garaşsyz , baky Bitarap Türkmenistan bedew –batly at-myradyň mekany” ýylynda hem ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Biziň merdana halkymyzyň bagtyýar döwründe, eziz Diýarymyzyň ähli ugurda gazanýan üstünlikleri, ösüşleri diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem jemgyýetimiziň her bir gatlagynda ösüşiň, abadançylygyň alamatydyr. Eziz Watanymyz Türkmenistan häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň, ösüşli başlangyçlaryň we bagtyýarlygyň ýurdy boldy.Şu üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti hem ýurdymyzda ynsanperwerligiň , birek-birege goldawyň we ynsan saglygynyň goragynda durýan giň jemgyýetçilik guramalarynyň biridir.Bir asyr bäri ynsanperwerligiň, sahawatyň hem-de ýagşylygyň nyşany bolup gelýän Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti halkymyza hyzmat edip, müňlerçe adama goldaw berdi.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredilip, häzirki wagtda halkara ynsanperwer gurama hökmünde giň gerimli iş [...]
Dowamyny oka