Soňky jaň dabarasy

Soňky jaň dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy we medeni taýdan görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösýär. Onuň üçin parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ykdysady we medeni ösüşleriň asylly maksatlarynyň dabaralanýan ýurdunda bagtly ýaşaýan, okaýan, işleýän türkmen ýaşlarynyň Hormatly Prezidentimize bolan söýgüsiniň, hormatynyň çägi yokdur.“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Arkadagly Gahryman Sedarymyzyň alyp barýan adalatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady- syýasy, medeniýet, sport, ylym-bilim we durmuşyň beýleki ugurlarynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar watanyň daýanjy” atly kitabynda ”Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna  aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.” diýip bellemegi ýurdumyzda ýaşlara aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda [...]

Dowamyny oka
MAGTYMGULY SEN

MAGTYMGULY SEN

Sözüň – adamzadyň hazyna-genji,Dana şahyr Magtymguly Pyragy.Bu gün toýuň toýlar dünýäň çar künji,Dana şahyr Magtymguly Pyragy.Asyrlary aşan sözüň şuglazar,Şygryýetiň – bossan, goýny lälezar,Umman deý pähmiňe dünýä intizar,Dana şahyr Magtymguly Pyragy.Geldi çoh garaşan ajap eýýamyň,Joşgunly möwji bar paýhas ummanyň,Arasynda zemin bilen asmanyň –Beýik şahyr Magtymguly Pyragy.Şygyrlaňda hak sözüňi söýlediň,Köňül kelamyňy sena eýlediň,Arkadag gurdurdy ajap heýkeliň,Dana şahyr Magtymguly Pyragy.Ogulnur ANNAMURADOWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby,TMÝG-niň işjeň agzasy.Salgy: https://yashlar.gov.tm/item/9151 [...]

Dowamyny oka
Magtymguly sen

Magtymguly sen

Zehiniň siňdirip ýiti galama,Ady dünýä dolan Magtymguly sen.Şygyrlaryň şugla saçýar äleme,Manyly dür saçan Magtymguly sen.Her setiriň ündew, her biri akyl,Gyzyla barabar durşy bir nakyl,Türkmen ili üçin öçmejek şekil,Ýüreklere ýaşan Magtymguly sen.Türkmen iliň gowy günler görjegin,Şygryňda wasp edip ajap geljegin,Tuguňy parlatdy bir mert Gerçegiň,Pähim-paýhasly Magtymguly sen.Üç asyr taryhly uzak ýaşlydyr,Geçen ýoly uly kütel daşlydyr,Bu gün toýuň tutup ýürek joşludyr,Waspyň etdim beýik Magtymguly sen.Ogulnur AnnamuradowaBeki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talybySalgy: newashgabat.com [...]

Dowamyny oka
DÜNÝÄ ÜLŇÜLERINIŇ SAZLAŞYGY

DÜNÝÄ ÜLŇÜLERINIŇ SAZLAŞYGY

Bilim almak ynsanyň durmuş ýolundaky möhüm tapgyrdyr. Orta bilimi ýokary netijeler we oňat bahalar bilen tamamlan okuwçy akyl bazasynda başlangyç, emma öňdäki durmuş üçin has möhüm bolan bilimleri toplaýar. Bu bolsa, öňdäki durmuş ýoluna netijeli girişdir. Şondan soň ýaş ýetginjek saýlap alan hünäri boýunça bilimini kämilleşdirmek üçin ýokary okuw mekdebine gadam goýýar. Bu ýerde ol kämil bilimleri özleşdirip, möhüm basgançagy geçip, iş saýlap, hünär edinip, uzak geljegi nazarlaýan hünär ýoluna girişýär. Bular durmuşyň esasy böleginden käbir pursatlardyr. Şeýle pursatlar ädimme-ädim dowam edýär. Her bir ädim arkaly ynsan durmuşyň aýgytly synag ýoluna düşýär we bu ýolda kä üstünlikler, käte kemçilikler bilen taplanýar, kämilleşýär, durmuş terbiýesini özleşdirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim almagyň döwrebap ulgamy kemal gelýär. Baş maksat bolsa, döwrebap pikirlenip bilýän, hünärine ökde, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri ýetişdirmekdir. Munuň üçin, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ähli [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09