SANLY BILIMIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmäge, ony dünýä derejesinde dabaralandyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, olaryň hünär taýdan kämilligini gazanmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, dünýä ylmynyň gazananlaryny — öňdebaryjy interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalaryny bu ulgama giňden ornaşdyrmak, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly bilim ojaklarynda okamagyny gazanmak, täze ýokary okuw mekdeplerini açmak, okuw meýilnamalaryna täze hünärleri girizmek, hünärmenleri taýýarlamak işine täzeçe usullary ornaşdyrmak ýaly işler bilim ulgamynyň ösüşine şaýatlyk edýär.Bu döwletli işleriň ähmiýeti, gymmaty milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, kabul edilýän milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyndan gelip çykýar. Häzirki bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde döredijilik hyjuwly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň, häzirki zaman bilimlerini doly [...]
Dowamyny oka