TÜRKMEN HALKY TOÝ TUTANDA
Gündogaryň beýik söz ussady MagtymgulyPyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024nji ýylyň «Pähimpaýhas ummanyMagtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi dünýäniň ünsüni ýene bu gadymy topraga gönükdirdi. 17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar. Bu toplum üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr. Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalary ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki [...]
Dowamyny oka