Internetiň ilkinji gözleg motory “Archie” dolanyp geldi

Internetiň ilkinji gözleg motory “Archie” dolanyp geldi

Internetiň ilkinji gözleg motory Archie yzyna gaýdyp geldi. “The Serial Port” atly bir YouTube kanaly ilkinji gözleg motory Archie-niň iň soňky nusgasyny tapmagy başardy. Olar diňe soňky nusgasyny tapmak bilen çäklenmän, gözleg motoryny onlaýn (archie.serialport.org) ýagdaýa getirdiler. Bu gural häzirki wagtda onlarça ýyl ozal bar bolan köp sanly serwer bilen deňeşdirilende diňe bir serweri ýerleşdirýär, ýöne ulanyjylar näbelli FTP saýtlaryndan 30.000 töweregi faýl tapyp we göçürip alyp bilýärler.Ilkibaşda Alan Emtage 1989-njy ýylda MakGill uniwersitetinde okaýarka döredilen Archie gözleg motory aslynda şol döwürler internetiň esasyny düzýärdi. Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Kerebi peýda bolmanka, internet esasan FTP serwerlerinden ybaratdy, bu bolsa ulanyjylardan faýllaryň we serwerleriň takyk atlaryny bilmegi talap edýärdi. Elbetde, mazmunyň sanynyň köpelmegi bilen nämedir bir zat tapmak kynlaşdy.Emma ilkinji gezek çykarylandan birnäçe aýyň içinde Archie şeýle meşhur boldy welin, dünýäniň dürli serwerleriniň arasynda maglumatlary geçirýän FTP ulanyjylary üçin hemme ýerde [...]

Dowamyny oka
Biosferany goramak meselesi

Biosferany goramak meselesi

Biosferanyň esasy düzüm bölekleri bolan howa, suw we toprak adamlaryň akyl-payhassyz we rejesiz peýdalamaklygy netijesinde hapalanýar. Eýsem, hapalanmak näme? Bu ýaşaýyş gatlagynda tebigy we antropogen sebäpleriň netijesinde fiziki, himiki we biologiki jisimleriň birleşmeleriniň adatdakysyndan çürt-kesik ýokary bolmagy, gurşawyň ýaramazlaşmagydyr. Meselem, suwuň bulançaklygy, suwuň şorlaşmagy we başgalar. Bu ýagdaý köplenç köp haryt öndürmek, gazanç etmek netijesinde ýüze çykýar. Biziň köpimiz dem alýan howamyzy,aşa peýdalanýan suwumyzy, oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin ulanýan topragymyzy, edil daş kömür, nebit ýaly tebigatyň mugt berilen peşgeşi hasaplaýarys. Biz olara aýawly çemeleşmeýäris. Biziň planetamyzda daş kömrüň, nebitiň we beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň ätiýaçlygy tükeniksiz däldir. Olary täzeden dikeldip bolmaýar. Edil şunuň ýaly ýagdaý howa, suwa we topraga-da degişlidir. Biosferanyň bu düzüm bölekleri bolsa, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň ýaşamaklygynyň, ösmekliginiň, nesil öndürmekliginiň esasy çeşmeleri bolup durýar. Ýöne olar adamyň işjeňliginiň oňaýsyz täsirleri netijesinde ýyl geçdigiç [...]

Dowamyny oka
Eje maňa hüwdi aýdyp bersene..

Eje maňa hüwdi aýdyp bersene..

Eje, bu söz ähli dillerde iň ýakymly, iň mukdaddes, iň mähirli sözdir ähli adamyň “Eje!” diýlende bir az wagt säginmäne we oýlanyşmana mejbur edýän sözdir. Mährem käbelerimiz biziň daşymyzyň galasy, başymyzyň penasydyr. Enelerimiziň her biri balasynyň başynyň amanlygyny, janynyň saglygyny, gözlerinde guwanjy görmekligi arzuw edip ýaşaýar. Türkmen käbeleri özleriniň daň säheri ýaly ak arzuw-dileglerini hüwdileriň üsti bilen beýan edipdirler.Megerem türkmen halkynda hüwdi eşitmän ulalan çaga ýok bolsa gerek. Her bir ene geljekde perzendiniň mähirli, ene-atasyna wepaly, rakyply, eli hünärli, asylly,tebiýeli ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýärler we olar öz arzuwlaryny çagajygynyň dünýä inen ilkinji günlerinden bäri mähir-muhabbete dolan hüwdilerinde beýan edýärler.Pedagog alymlaryň geçiren ylmy işlerinde çaga ýaş döwründe has takygy bäbeklik döwründe enesi tarapyndan hüwdiniň aýdylmagy çaganyň soňraky ösüş döwrüne öziniň bellibir derejede oňyn täsirini ýetirýändigini anyklapdyrlar.Ýazyjy, şahyrlarymyz hem bütin dünýäniň baş egýän [...]

Dowamyny oka
Jemgyýetde maşgalanyň orny we sosial goraglylyk

Jemgyýetde maşgalanyň orny we sosial goraglylyk

Maşgala-sosial edaranyň hem sosial toparyň hem sypatlaryny özünde jemleýän ulgamdyr. Sosial edara hökmünde maşgala – maşgala agzalarynyň gatnaşyklaryny kesgitleýän sosial kadalaryň, nusgalyk häsiýetleriň jemi bolup çykyş edýär. Maşgala – nika ýa-da gan birligine esaslanýan, agzalary umumy durmuş birligi, özara ahlak jogapkärligi we birek-birege hemaýat bermekligi bilen baglaşan sosial topar bolup çykyş edýär. Jemgyýetde maşgalanyň ilkinji wezipesi geljekki nesli öndürmek we çaga terbiýelemek bolýar. Biziň galkynýan zamanamyzda maşgalanyň ykdysady, hünär we medeni wezipeleri hem artýar. Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde maşgala agzalarynyň biri-biri bilen ykdysady baglanyşygy güýjeýär. Kiçi we orta telekeçiligiň ösmekligi bilen olaryň hünärleriniň umumylygy berkär. Türkmen maşgalasynyň aýratynlygy diňe bir onuň giňeldilen görnüşi bilen bagly bolman eýsem, är-aýalyň maşgala gymmatlyklaryna gönükdirilendikleri bilen hem tapawutlanýar. Maşgala gymmatlyklary asyrlaryň durmuş tejribesiniň jeminden kemala gelipdir. Biziň galkynýan eýýamymyzda türkmen maşgalasynyň ösüşi maş [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09