Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “AÇYK GAPYLAR GÜNI” geçirildi
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar bardaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde hem ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri, boş wagtlaryny döredijilikli peýdalanmaklary üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Ýylyň-ýylyna Mugallymçylyk mekdebinde “Açyk gapylar güni” uly şatlyk-şowhuna beslenip, ruhubelentlik ýagdaýda guramaçylykly geçirilýär. Bu gezekki Açyk gapylar gününe hem birnäçe myhmanlar, orta mekdebiň mugallymlary, okuwçylary höwes bilen gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar mekdebiň her usuly birleşmesi tarapyndan taýýarlanan ýörite sergini synladylar. Mugallymçylyk mekdebininde ýerleşýän edara binalary mejlisler zaly, kitaphana, [...]
Dowamyny oka