Pagta önümçiliginiň dünýä ykdysadyýetindäki orny
Maýa goýujylar tarapyndan ak altyn hökmünde häsiýetlendirilýän pagtanyň 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda bir funtynyň bahasy 1 dollar 14 sente barabar boldy. Pagtanyň bahasy 2021-nji ýylyň soňky hepdesinde 4,8% ösüş bilen iň köp girdeji getiren önüm boldy we bilermenler pagta bolan ýokary islegiň dowam edýändigini, önümçiligiň peselmeginiň ähtimallygy we eksportyň artmagynyň bu önümiň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boljakygyny aýtdylar.Pagtanyň bahasynda bu görkeziji geçen 10 ýylyň iň ýokary derejesi bolup, ol egin-eşik pudagynda önümçilik çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar diýlip çaklanylýar.Pagta bütin dünýäde möhüm girdejili önüm we iş çeşmesidir. Goşmaça gymmaty sebäpli pagta senagaty esasanam ösýän ýurtlarda möhüm orny eýeleýär. Pagta takmynan 100 ýurtda 32 million gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilýär. Soňky 60 ýylyň dowamynda ekin meýdanynda hiç hili üýtgeşiklik bolmasa-da, ekilen gektardan alynýan hasyl ýokarlanýar.Pagta dünýäde öndürilýän süýümleriň takmynan 35%-ni üpjün edýär we dokma pudagynda ulanylýan iň mö [...]
Dowamyny oka