Dil öwrenmegiň ähmiýeti

Dil öwrenmegiň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamy ösdürilýär. Bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ilki bilen, ýaşlarda hem-de biziň ähtimizde buýsanç döredýär. Häzirki dünýä ylymlarynyň ösen döwründe ýaşlaryň ylmy düşünjeli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde dürli dilleri öwrenmek boýunça täze ugurlar, tejribeler kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, şu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler.Dünýäniň iň täze gazananlary ylmy üstünlikleriň maglumatlary bilen tanyşmak üçin dürli dilleri bilmegiň ähmiýeti uludyr. Ylymlaryň ösmegi, adamzat jemgyýetiniň öňe gitmegi dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesi has-da artdyrýar. Dünýä dillerindäki ylmy kitaplar ýaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Çü [...]

Dowamyny oka
Pagtaly pelleriň ýatlamasy (oýlanma)

Pagtaly pelleriň ýatlamasy (oýlanma)

Ol wagtlar pagta möwsüminde «ak altyny» isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin uly-kiçi hemmeler gowaça meýdanlarynda säher dogan Gün bilen bile örlüp, Gün ýaşandan soňra öýe gaýdardylar. Häzirki ýaly döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň bolmandygy sebäpli, pagta ýygymynda el güýji näçe köp bolsa gowudy. Üýşülip edilýän işiň gyzygy bir başga. Şeýle gyzykly günler agzybirligi berkedip, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara mähir gatardy.Biz bäş joradyk. Hemmämiz bir köçede ýaşanymyz, bir synpda okanymyz üçin zol-zol görüşerdik. Säher bilen pagta ýygmaga-da bileje giderdik. Şeýle günleriň birinde joramyz Altyn ýaraman, öýde galmaly boldy. Biz muňa gynandyk. Şol gün pagtany-da höwessiz, aýdym aýtman, kän bir degşip-gülüşmän, ümsüm ýygdyk. Bu ýagdaý biziň Altynyň syrkawlandygyna gynanýandygymyzyň alamatydy. Edil biziň gyzlar bolup, toparlanyp pagta ýygşymyz ýaly, biz deň-duş oglanlar hem töweregimizde üýşüp pagta ýygardylar. Olaryň arasynda synpdaşlarymyz, bizden birki synp ulurak oglanlar hem bardy. Altynyň ýaraman pagtadan galan güni gapdalymyzda pagta ýygýan oglanlaryň [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09