Eje maňa hüwdi aýdyp bersene..
Eje, bu söz ähli dillerde iň ýakymly, iň mukdaddes, iň mähirli sözdir ähli adamyň “Eje!” diýlende bir az wagt säginmäne we oýlanyşmana mejbur edýän sözdir. Mährem käbelerimiz biziň daşymyzyň galasy, başymyzyň penasydyr. Enelerimiziň her biri balasynyň başynyň amanlygyny, janynyň saglygyny, gözlerinde guwanjy görmekligi arzuw edip ýaşaýar. Türkmen käbeleri özleriniň daň säheri ýaly ak arzuw-dileglerini hüwdileriň üsti bilen beýan edipdirler.Megerem türkmen halkynda hüwdi eşitmän ulalan çaga ýok bolsa gerek. Her bir ene geljekde perzendiniň mähirli, ene-atasyna wepaly, rakyply, eli hünärli, asylly,tebiýeli ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýärler we olar öz arzuwlaryny çagajygynyň dünýä inen ilkinji günlerinden bäri mähir-muhabbete dolan hüwdilerinde beýan edýärler.Pedagog alymlaryň geçiren ylmy işlerinde çaga ýaş döwründe has takygy bäbeklik döwründe enesi tarapyndan hüwdiniň aýdylmagy çaganyň soňraky ösüş döwrüne öziniň bellibir derejede oňyn täsirini ýetirýändigini anyklapdyrlar.Ýazyjy, şahyrlarymyz hem bütin dünýäniň baş egýän [...]
Dowamyny oka