Alymlar suwa çümmegiň iň howpsuz usulyny tapdylar

Alymlar suwa çümmegiň iň howpsuz usulyny tapdylar

Kornell uniwersitetiniň alymlary howpsuz suwa çümmegiň formulasyny işläp düzdüler.Kelle bilen öňe tarap, eller bilen öňe tarap we aýaklaryň bilen öňe tarap çümmegiň täsirini ölçemek bilen, gözleg awtorlary matematiki nusga aldylar. Bu nusga, öwrenjelerde oňurga ýiliginiň we boýnuň şikeslenmeleriniň, 8 metrden gowrak aralykdan kelle bilen öňe tarap çümmek wagtynda ýüze çykýandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, takmynan 12 metr beýiklikden eller bilen öňe tarap çümmelerde, süňküň şikeslenmegi, 15 metrden gowrak aýaklar bilen öňe tarap çümülende dyz şikesleri has köp bolýar.Umuman aýdylanda, beýik aralykdan aýaklaryňyz bilen suwa bökmek has gowudyr.Halmuradowa Leýli Halmuradowna,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.Salgy: newasgabat.com [...]

Dowamyny oka
Eli işliniň rysgaly güýçli

Eli işliniň rysgaly güýçli

Häzirki döwrümizde gadymdan galan milli nusgalarymyza berilýän üns barha artýar we olar içgin öwrenilýär. Milli nusgalarymyz milli medeniýetimiziň kökleri bolup, her bir türkmen maşgalasynda ýaşaýyş-durmuş üçin zerur zatlaryň köpüsi el işleri bilen amala aşyrylypdyr. Türkmen maşgalasy, türkmen ojagy diýlende, öýüň törüni bezeýän türkmen haly-palasyndan, keçesinden başlap, tä çaýhaltasyna çenli sünnälenip, aýratyn yhlas bilen bezeg berlip taýýarlanylan öý goşlary göz öňünde janlanýar. Bu ajaýyplyklar uz barmakly çeper ellerden dörän nepislikler bolup, türkmen zenanlarynyň kalbynyň aýnasy, ýüzüniň tuwagy hasaplanýar. Bu gaýtalanmaýan milli nusgalarymyz ene-mamalarymyzyň, gelingyzlarymyzyň yhlas-söýgüsinden, ýürek arzuwyndan, erjelliginden kemala gelipdir. Ussatlygy talap edýän bu iş örän çeperçilik bilen ýerine ýetirilýär. Sünnälenip edilen haýsydyr bir iş görlende hem «Edil keşde çekilen ýaly» diýilýär. Şeýle-de bu müdimi senedi ene-mamalarymyz nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Türkmen zenany ata-babalarymyzyň mizemez ynanjyna öwrülen, ak öýleriň ýaraş [...]

Dowamyny oka
Jemgyýet üçin uly gymmatlyk

Jemgyýet üçin uly gymmatlyk

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, geçen ýylda bolsa Türkmenistanyň 2023 — [...]

Dowamyny oka
Ynsan ömrüniň goraglylygy

Ynsan ömrüniň goraglylygy

Döwletimiz tarapyndan halkyň, şol sanda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin belent maksatlar we wezipeler goýulýar.Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň badalga almagy bilen uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Şoňa laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňdebaryjy netijeler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglyk ý [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09