Magtymguly —dünýäniň danasy

Magtymguly —dünýäniň danasy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, umumadamzadyň akyldar şahyrydyr. Onuň jöwher paýhasyndan kemal tapan dürdäne şygyrlary üstünden ençeme asyrlar geçse-de, könelmeýän paýhas bolup, köňüllerde orun alýar.Bu günki gün hakykatdan-da dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň döredijiligini hem-de onuň dürdäne şygyrlaryny we filosofiki garaýyşlaryny öwrenmäge uly isleg bildirýär. Akyldaryň şahyrana dünýäsinde jemlenen filosofiýa, dünýägaraýyş bir milletiň ruhyýet çäginden juda giň bolup, ol umumadamzat üçin niýetlenen, sözlenen ajaýyp kelamlardyr.Her bir güni toý-baýramlara beslenýän ata Watanymyzda akyldar şahyra bagyşlanan ençeme dabaralar, maslahatlar, şeýle-de yzygiderli çap edilip, halkymyza ýetirilýän kitaplar diýseň guwandyryjydyr. Has buýsançly ýagdaý hem, akyldara bagyşlanan şeýle çäreler, dabaralardyr ylmy-amaly maslahatlar diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde hem giň gerim alýar. Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli döwletlerde, dürli dilleriň ençemesinde neş [...]

Dowamyny oka
Matematika ylmynyň ösüş taryhy ýa-da matematika adalgasyna akyl ýetirmek

Matematika ylmynyň ösüş taryhy ýa-da matematika adalgasyna akyl ýetirmek

Matematika daş-töweregimizi gurşap alan dünýäniň mukdar gatnaşyklaryny we giňişlik formalaryny öwrenýär. Ine, bu bolsa matematikanyň predmetidir. Matematikanyň abstraktlygy onuň material hakykatdan üzňeligini aňlatmaýar. Tehnikanyň we tebigy bilimleriň talaby bilen aýrylmaz baglanşykda matematikanyň öwrenýän mukdar gatnaşyklarynyň we giňişlik formalarynyň gerimi üznüksiz giňeýär. Şeýlelikde, ýokarda getirlen matematikanyň kesgitlemesi has baý mazmun bilen doldurylýar.„Matematika― adalgasy grekleriň mathema sözünden gelip çykmak bilen ―ylym―, „bilim―, „akyl ýetirmek― diýmegi aňladýar. Bu adalga türkmen diline rus dilinden, rus diline polýak dilinden, polýak diline latyn dilinden, latyn diline bolsa grek dilinden geçipdir.Matematikanyň taryhy matematikanyň ösüşiniň obýektiw kanunlary baradaky ylymdyr. Şuňa degişlilikde matematikanyň taryhynyň öňünde örän köp meseleleri çözmek goýulyar. Ol meseleleri sanap geçmäge mümkinçilik azdyr, oňa zerurlyk hem ýok. Biz olary sanap geçmek bilen çäklenmän taryhy-matematiki derňewleriň ugurlaryna jemleýji häsiýetde häsýetnamalar bereliň.Käbir halklarda kesgitli taryhy döwürde matematikanyň ösüşiniň häsiyetleri we ayratynlyklary, geçmişdäki matematikleriň, ilkinji [...]

Dowamyny oka
Dünýäniň danasy

Dünýäniň danasy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, umumadamzadyň akyldar şahyrydyr. Onuň jöwher paýhasyndan kemal tapan dürdäne şygyrlary üstünden ençeme asyrlar geçsede, könelmeýän paýhas bolup, köňüllerde orun tutýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşme» diýip akyldar şahyrymyza beýik baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden, dünýä derejesinde belläp geçmek hakyndaky Karary, şeýle hem şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzy guwandyrdy.Bu günki gün, hakykatdan-da, dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, filosofik garaýyşlaryny öwrenmäge uly isleg bildirýär. Çünki öňdengörüji dananyň şahyrana dünýäsinde jemlenen filosofiýa, dünýägaraýyş bir milletiň [...]

Dowamyny oka
Dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti

Dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti

Türkmen tebigatynda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň ýüzlerçesi bar. Jana şypa howaly tebigatymyz dermanlyk ösümliklere juda-da baý. Owadan hem tämiz tebigatymyzda  ösýän dermanlyk ösümlikler  ynsan saglygyny bejermekde uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin türkmen tebigatyny gorap saklamak ählimiziň borjumyzdyr. Ynsan saglygy üçin ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň, durmuş şertleriniň ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak we onuň ekologiki taýdan arassa bolmagyny üpjün etmek baradaky hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir.Bu ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopediki işi lukmanlar we halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmelerdir. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren  «Türkmenistan — melhemler mekany»,  «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» we beýleki dürdäne eserleri diňe ýokary çeperçilik derejesi boýunça tapawutlanman, eýsem, halkymyzyň saglygyny berkitmekde we [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09