Dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti
Türkmen tebigatynda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň ýüzlerçesi bar. Jana şypa howaly tebigatymyz dermanlyk ösümliklere juda-da baý. Owadan hem tämiz tebigatymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler ynsan saglygyny bejermekde uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin türkmen tebigatyny gorap saklamak ählimiziň borjumyzdyr. Ynsan saglygy üçin ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň, durmuş şertleriniň ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak we onuň ekologiki taýdan arassa bolmagyny üpjün etmek baradaky hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir.Bu ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopediki işi lukmanlar we halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmelerdir. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Türkmenistan — melhemler mekany», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» we beýleki dürdäne eserleri diňe ýokary çeperçilik derejesi boýunça tapawutlanman, eýsem, halkymyzyň saglygyny berkitmekde we [...]
Dowamyny oka