Iň gadymy şäherler
Dünýädäki her bir şäheriñ özboluşly taryhy bardyr. Olaryñ käbiriniñ düýbüniñ tutulanyna birnäçe ýyl geçen bolsa, käbirleriniñ asyrlaboýy dowam edip gelýän taryhy bar. Ýöne welin müňlerçe ýyl mundan ozal döredilip, biziň döwrümize ýetip gelen şäherler adamzady özüne haýran edýär. Beýle şäherler dünýäni boýun egdiren basybalyjylaryň, hiç hili merhemeti bilmeýän tebigy betbagtçylyklaryñ garşysynda sarsman ösüşini dowam edip gelýärler. Geliñ şeýle şäherleriň birnäçesi bilen tanyş bolalyñ.Benares – Hindistandaky iň gadymy şäher bolup, onuñ taryhy biziň eýýamymyzdan öñki XI asyrdan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Şäheriñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ biri hem häzirki wagtda iñ gadymy din bolan induizm dininiñ dörän ýeri bolmagydyr. Her ýyl müñlerçe adam bu şähere zyýarata gelýär.Plowdiw – Bolgariýada ýerleşip, ýurtdaky ikinji uly şäherdir. Şäheriñ Nebet depe taryhy ýadygärliginden tapylan tapyndylar onuñ taryhynyň biziň eýýamymyzdan öñki 4000-nji ýyllara degişlidigini görkezdi. Bu gadymy şäher taryhda Frakiýalylaryñ, Parslaryñ, Makedonlaryñ we Osmanlylaryñ ähmiýetli daýanç nokady bolup hyzmat edipdir.Afiny – Gresiýanyñ [...]
Dowamyny oka