Sport oýunlarynyň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti

Sport oýunlarynyň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti

Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport biziň üçin örän möhümdir. Çünki sport bilen meşgullanmak sagdynlyga ýol açýar. Sport oýunlarynyň peýdaly häsiýeti, bedenterbiýe işjeňligi, adama bedeni berkitmäge we günüň dowamynda gujurly bolmaga kömek edýär.Sport oýunlary akyl we beden taýdan ösmegiň serişdesidir. Sport bilen meşgullanýan wagtymyz köp zat öwrenýäris. Ol bize ýol bermezden kyn ýagdaýlarda göreşmäge mejbur edýär. Sport bilen meşgullanmak dostluk duýgusyny hem ösdürýär, akyl we fiziki çydamlylygy ösdürmäge kömek edýär. Ol bize ruhy güýç berýär, ýadawlygy aýyrýar. Umuman aýdanyňda, beden saglygymyzy gowulandyrýar. Sport oýunlary biziň akyl we fiziki mümkinçiliklerimizi hem gowulandyrýar. Ynsan üçin sportuň gadyr-gymmaty eýýäm çagalykda ornaşýar, sebäbi çagalara mekdepdöwründe sport oýunlarynyň käbir görnüşleri öwredilýär. Şonuň üçin sport bilimiň aýrylmaz bölegidir. Sport bize zehinimizi açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin biz oňa çagalygymyzdan başlap çynlakaý çemeleşmeli. Şeýlelikde, [...]

Dowamyny oka
Magtymgulynyň şygyrlary – halkymyzyň hoşmeýilli erkiniň nyşany

Magtymgulynyň şygyrlary – halkymyzyň hoşmeýilli erkiniň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniý [...]

Dowamyny oka
Bilimli nesiller döwrüň guwanjydyr

Bilimli nesiller döwrüň guwanjydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýaş nesillere döwrebap bilim, terbiýe bermegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak ýaly wezipeler hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärlik maksatnamasyndan gözbaş alýar: «Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir».Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09