Türkmen dili we edebiýaty hepdeligi "Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy"

Türkmen dili we edebiýaty hepdeligi "Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy"

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy şahsyýetlerimizi hormatlamak, sarpalamak olaryň atlaryny ebedileşdirmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Taryhy şahsyýetlere hormat şu gün üçin möhümdir, ýöne ol ertirler üçin geljekki nesiller üçin iki esse möhümdir.Şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen, ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli “Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy” atly türkmen dili we edebiýaty hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň maksady- “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny has-da dabaralandyrmak, türkmen dilimizi has içgin öwrenmek, türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik aýratynlygyny derňemek, ony ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, geljekki nesillere ýoýman ýetirmekde alnyp barylýan işleriň hatarynda guraldy.Hepdeligiň dowamynda dürli görnüşli bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Olardan: “Ene dilim, eziz dilim, zybanym!” atly aýdym-sazly çykyş, “Kinofilmden bir parça” atly bäsleşik, “Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy” atly aýdym- [...]

Dowamyny oka
Hal­ka­ra olim­pia­da­lar – uly üs­tün­lik­le­re ba­dal­ga

Hal­ka­ra olim­pia­da­lar – uly üs­tün­lik­le­re ba­dal­ga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy has-da ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Ýaşlar bilimleri ele almakda, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslama, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri görkezmekleri häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda özleriniň bilim başarnyklaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýän IV Açyk halkara matematika olimpiadasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.Açyk halkara matematika olimpiadasy ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýär. Halkara olimpiada ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden zehinli ýaşlar bilen birlikde Bolgariýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Ispaniýadan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Indoneziýadan hem ýaş zehinler gatnaşýarlar. Olimpiada şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Onuň emin agzalarynyň düzümine ýurdumyzyň we bu bäsleşige [...]

Dowamyny oka
Informatikanyň halk hojalygyndaky ähmiýeti

Informatikanyň halk hojalygyndaky ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan, kämil hünärmenler bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr».Häzirki ajaýyp döwrümizde ylmy has-da ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilim ulgamyna güýçli depginde ornaşdyrylýar. Bu gün eziz Diýarymyzda ýaşlar bilimleri ele almakda, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geç [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09