Baglar – Zeminiň görki
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatdan tygşytly peýdalanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylan, öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslandyrylan «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bu taglymatyň netijesinde ata Watanymyzyň ekoulgamy ýylsaýyn baýlaşýar, halkymyzyň saglygyna hem oňaýly täsir edýär.Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenista¬nyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.Ýurdumyzda ilatyň durmuş abadançylygy ekologiýa abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa abadançylygy halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ony hasda baýlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge [...]
Dowamyny oka