Huş (Tymsal)
Dag eteginde ýaşaýan goja alys obadaky, özündenem dört-bäş ýaş uly daýzasynyň soňky wagtlar juda ruhdan düşüp, halynyň pese gaçyp barýandygyny eşidip, onuň ýanyna gidýär. Uzak ýoly söküp baran goja daýzasyny tanamajak bolýar. Soňky gezek görşenlerine kän wagt geçmedigem bolsa, zenanyň ýüz keşbi göz-görtele solupdyr, gözleriniň nury öçen ýaly bolupdyr. Bu ýagdaýy görüp, onuň näme derde uçrandygy bilen gyzyklanýar.Meniň derdim — gussa — diýip, kempir uludan demini alýar. — Sebäbi uzakly günümi ýaşlygymy, aýna seredenimde gören gözel görkümi, daýyň pahyr ýanymdaka özümi dagdan arkaly saýan döwürlerimi ýatlap geçirýän. Onsoň şolaryň hiç biriniň yzyna dolanmajakdygy hakda pikirlenenimde gözüme ýaş aýlanýar.Kempiriň damagy dolup, bir pursat sesini çykarman oturýar. Soňam gözýetime çenli ak gara bürenip ýatan meýdana ýaşly didelerini dikip oturyşyna uludan demini alyp, ýegenine ýüzlenýär.Aslynda, ýatlamalar, huş diýen zat adama nä¬me üçin berildikä? Olardan adama peýda-ha ý [...]
Dowamyny oka