“Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy”

“Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy”

Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan  gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde-de ýaýbaňlandyrylýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli döredijilik agşamlary, duşuşyklar, aýdym-sazly çäreler, bäsleşikler giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreler biziň B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda akyldaryň doglan gününiň öňüsyrasynda mekdebimizde türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň guramagynda “Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy” ady bilen aýdym-sazly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilim berjek geljekki mugallymlaryň – talyplaryň arasynda guraldy. Bäsleşige Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän usuly birleşmeleriň adyndan alty sany talyp gatnaşyp, jemi dört tapgyr boýunça bäsleşdiler. Oňa gatnaşyjylar birinji şertde Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny labyzly okamakda we goşgyny sahnalaşdyrmakda güýç synanyşdylar. Bu şertde mekdebimiziň talyplary Pyragynyň watançylyk, öwüt-nesihat, ahlak sypatlary, türkmen gyz-gelinleriniň gözel häsiýetlerini aç [...]

Dowamyny oka
Hytaý nakyllary

Hytaý nakyllary

Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragyMekir adam şire-de eýer salar.*  *  *Dagda samsyk ýoldaşdan gork.*  *  *Müň myş-myşdan bir şaýat.*  *  *Durşuň dogry bolsa, kölegäň egriliginden gorkma.*  *  *Az puly aýamasaň, kän pula ýüzüň düşmez.*  *  *Güle bir hepde guwanmak üçin ýylboýy azap çekilýär.*  *  *Wyždany hapa adam gerşi ýagyr at ýaly hemişe biynjalykdyr.*  *  *Suwsap ugranyňdan soňra guýy gazmaga başlama.Taýýarlan: Gerekgül  BAÝRAMDURDYÝEWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talybySalgy : Hytaý nakyllary – TürkmenGazet.com: Maksat — ýatda däl, ýürekde galmak (turkmengazet.com) [...]

Dowamyny oka
Bilim tükenmez baýlyk

Bilim tükenmez baýlyk

Ylym-bilim her bir ynsan üçin zerurdyr. Çünki ylymly-bilimli adamlar durmuşy özgerdýärler, ylmyň täze gazananlary bilen ösüşiň belentliklerine ýetýärler. «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Hut şonuň üçinem ajaýyp zamanamyzda ylym-bilime uly üns berilýär, bu babatda möhüm çözgütler kabul edilýär.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň oňyn netije berýändigi bu günki gün hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ýaşlarymyz özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sargydyny ýaş nesillerimiziň abraý bilen ýerine ýetirýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ylmynyň we biliminiň rowaçlyklara beslenýän zamanasydyr. Tä [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09