Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi
Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Srdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar.Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pä [...]
Dowamyny oka