Uzak aralykdan (wideoşekilli) okuw sapagy geçirildi
[...]
Dowamyny okaTürkmenistanyň Prezidentiniň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna hem-de akyldar şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan iş Meýilnamasyna laýyklykda “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy” taýýarlanylýar. Akyldar şahyrymyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylýan bu ensiklopediýa taryhda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň üç ýüz ýyla golaý wagt bäri gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen öz halkynyň adyny dünýä ýaýan beýik akyldar şahyryň umman ýaly giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» sanly we neşir görnüşde taýýarlamak esasy öňde goýlan wezipeleriň biridir. Ensiklopediýa şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Tü [...]
Dowamyny okaMagtymguly Pyragy külli türkmeniň bir saçagyň başyna üýşüp, uly güýje öwrülmegini isläpdir. Töwereginde bolup geçýän wakalary, halkyň ýagdaýyny, gün-güzeranyny goşgularynda aýdyň beýan edipdir. Şol sebäpli-de şahyryň döredijiligini içgin öwrenen, belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow dana şahyra: «Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýip, beýik baha beripdirXVIII asyryň kyrkynjy ýyllarynda türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde dünýä inen şahyr öz awtobiografiýasyny şeýle mälim edýär: «Asly — gerkez, ýurdy — Etrek, ady — Magtymgulydyr».Şahyryň ady barada hem özboluşly rowaýat bar. Ol dünýä inende kakasy Azadynyň iň ýakyn dosty Selim Magtym görme-görşe gelýär. Bäbegi gundap myhmanyň gujagyna berýärler. Azady oglunyň öz dosty ýaly ylym-bilimli, atly-abraýly bolmagyny isläp, oňa Magtymguly adyny goýýar.Şahyryň döwründe ýaşap, her bir günüňi şowly, üstünlikli geçirmek aňsat iş däl. Bu meselede şahyr nesibä uly ähmiýet berýär. Nesibesi, ykbaly çüwen adamyň edýä [...]
Dowamyny okaDaşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy