Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty hepdeliginiň çäklerinde geçirilen “Zehin başarnygy” atly bäsleşik
Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ynsanperwer dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir.Şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen, ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli “Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy” atly türkmen dili we edebiýaty hepdeligi geçirildi.Hepdeligiň çäklerinde dürli görnüşli bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Olardan: “Ene dilim, eziz dilim, zybanym!” atly aýdym-sazly çykyş, “Kinofilmden bir parça” atly bäsleşik, “Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy” atly aýdym-sazly çykyş, krassword bäsleşigi, ”Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” atly aýdym-sazly çykyş, “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly aýdym-sazly çykyş, Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi, “Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!” atly diktant bäsleşigi, Hoş gelipsiň [...]
Dowamyny oka