Döredijilik duşuşygy
2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pyragynyň paýhasy-kalbymyzyň aýdymy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary Arazgeldi Ýegenow, Serdar Saparow, Bossan Murzaýewa şeýle-de şol mekdebiň 2-nji ýyl talyplary Artylgül Meläýewa, Jemile Ismailowa dagy çykyş etdi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan biziň taryhy şahsyýetlerimize, alym-ulamalarymyza, ýazyjy-şahyrlarymyza hormat, sarpa goýulýandygy, poeziýamyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly atamyzyň döredijiligini giňden öwrenmek, ony geljekki nesillere ýetirmekde bitirilýän işler dogrusynda belläp geçdiler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde türkmen alymlary we daşary ýurt alymlarynyň hyzmaty barada çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde ä [...]
Dowamyny oka