Bilim tükenmez baýlyk

Bilim tükenmez baýlyk

Ylym-bilim her bir ynsan üçin zerurdyr. Çünki ylymly-bilimli adamlar durmuşy özgerdýärler, ylmyň täze gazananlary bilen ösüşiň belentliklerine ýetýärler. «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Hut şonuň üçinem ajaýyp zamanamyzda ylym-bilime uly üns berilýär, bu babatda möhüm çözgütler kabul edilýär.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň oňyn netije berýändigi bu günki gün hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ýaşlarymyz özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sargydyny ýaş nesillerimiziň abraý bilen ýerine ýetirýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ylmynyň we biliminiň rowaçlyklara beslenýän zamanasydyr. Tä [...]

Dowamyny oka
Muny bilmek gyzykly

Muny bilmek gyzykly

Adam dünýä inende onuň bedeninde 300 sany süňk bolýar.Ýöne wagtyň geçmegi bilen süňkleriň sany 206-açenli azalýar.Kebelekler diňe aýagy bilen tagam alýarlar.Adam bedeniniň iň güýçli myşsasy dildir.Asgyranymyzda gözümizi açyp asgyrmak mümkin däl.Biz beýnimiziň diňe %10 göterimini ulanyp bilýäris.Garynjalar ys almak babatda itlerden pes däldir.Syçanlar iýen zadyny gaýtaryp bilmeýärler.Adam asgyranynda ýüregi bilen bilelikde bedeniň ähli organlary bir pursatlyk durýar.Demirgazyk aýylarynyň ählisi çepbekeýdir.Krokodillar dillerini daşyna çykarmaýarlar.Delfinler bir gözüni açyp uklaýarlar.Gaşymyzy ýokaryk galdyrmak üçin jemi 30 sany myşsany herekete geçirmek gerek.Pingwinler yüzüp bilýän emma uçup bilmeýän ýeketäk guşdur.Siňekleriň bäş sany gözi bolýar.Baýguşlar gök reňki group bilýän ýeketäk guşdur.Sygyrlaryň 4 sany aşgazanlary bolýar.Delfinleriň beýni adamlaryňkydanam uly bolýar.Erkek adamlarda günüň dowamynda ortaça 80 – 100 sany saç dökülýär.Haçanda adam 60 ýaş [...]

Dowamyny oka
Eneler — ýol görkeziji perişdeler

Eneler — ýol görkeziji perişdeler

Bütin adamzat asyrlarboýy enäni mukaddes hasaplap, başyna täç edinip gelýär. Ahmal, şunuň üçin köneler «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr» diýip aýdandyrlar. Her bir ynsan haýsy dine uýýandygyna garamazdan, bütin ömrüne el ýeterden has daşdadyr, asmanyň ýedinji gatyndadyr öýdüp gelýän jennetindenem enäni  belentde goýýar.Beýik hytaý danasy Konfusiý: «Göwheriň hem bahasy bar, emma enäniň bahasyna ýetme ýok. Göwheri ýitirseň gazanyp bolýar enäni gazanyp bolmaýar» diýýär. Dananyň bu sözleri bize enelerimizi beýleki ýakynlaryň ählisinden ýokarda goýmalydygymyzy yşarat edýär. Çünki ene – ýekeje. Çünki iň beýik ynsanlary, adyl şalary, beýik akyldarlary, gahrymanlary ene dogurýar. Mümkin, taryhyň başyndan bäri beýik akyldarlardyr adyl şalaryň näçe müňüsiniň  ýaşap geçendigini iň güýçli alymlar hem takyk aýdyp bilmezler. Oňa derek şalary hem, beýik danalary hem, meşhur şahyrlary hem enäniň dogurýandygyny ýaňy mekdebe baran çagalaram bilýär.Ene – bu söz iň bir ýürege ýakyn sözleriň biri. Ene diýenimizde, bizi bu ýagty jahana inderen, biziň üçin gijelerini ç [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09