2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat

2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana ertiri, nesil terbiýesiniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda netijeli işler ýola goýulýar. Nesil terbiýesi nusgawy edebiýatymyzyň eserlerinde, şol sanda baý  döredijiligi bilen döwürlere we nesillere şamçyrag bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem giňişleýin şöhlelenýär.Bu barada Gahryman Arkadagymyz beýik akyldaryň döredijiligi dogrusynda söz açyp: “Pyragynyň ajaýyp goşgulary ähli nesiller üçin beýik taglymat we mekdepdir” diýip belleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi ähli döwürlerde ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly ýol-ýörelge mekdebidir.Şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi şeýle hem Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýyl - “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy” atly maslahat geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy [...]

Dowamyny oka
MILLI MIRASYMYZA SARPA

MILLI MIRASYMYZA SARPA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir.Magtymguly Pyragy — çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir. Şonuň üçin hem bu pähimli sözleriň manysyny ýaş nesillere düşündirmekde bilim işgärleriniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar. Umuman, şahyryň şygyrlarynda watançylyk, ahlaklylyk, ygrarlylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, sabyrlylyk, zähmetsöýerlik, edeplilik we beýleki mowzuklar öz beýanyny tapýar.Beý [...]

Dowamyny oka
Türkmenistan «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä konferensiýasyna gatnaşdy

Türkmenistan «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä konferensiýasyna gatnaşdy

29 — 31-nji ýanwar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi. Oňa 70 ýurtdan 800-den gowrak myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti hem-de 20-den gowrak daşary ýurtly bilim ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.Sanly bilim boýunça Bütindünýä maslahatynyň guramaçylarynyň esasy maksady, ösen tehnologiýalary ulanyp, bilimi täze derejä çykarmakdan ybaratdyr diýlip bellenip geçildi.Sanly bilimi halkara derejesinde özgertmek, ilki bilen, deňhukukly we ýokary hilli bilim ulgamyyň ösmegini kepillendirýär. Şeýlelik bilen, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.Maslahata gatnaşanlar, ilki bilen, Hytaýyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we Hytaý Halk Respublikasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdylar.Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti dünýäde sanly bilimiň ösüş derejesi babatda we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin dürli ugurly hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagyň wajypdygyny bellediler.Maslahatyň çäginde Bütindünýä sanly bilim bileleşigi resmi taý [...]

Dowamyny oka
ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ KUWWATY

ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ KUWWATY

Paýtagtymyzda ýaşlaryň ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň geçirilmegi, ýokary derejeli foruma barylýan günlerde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy uly üstünliklere beslenip tamamlanan buýsançly şygarly ýylymyzy has-da dabaralandyryp, ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine buýsanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri ýaşlary Watanyň, halkyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine dahylly işlerde yhlasly, gujurly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, dürli ugurlardan kämil baş çykarmaklary babatda giň mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, giň dünýägaraýyş [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09