TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDE WE ÇEPER EDEBIÝATYNDA NUSGAWY ÝÖRELGELER MILLI MEDENIÝETIŇ ESASYDYR

TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDE WE ÇEPER EDEBIÝATYNDA NUSGAWY ÝÖRELGELER MILLI MEDENIÝETIŇ ESASYDYR

Her  bir  milletiñ  buýsanmaga  oña  guwanmaga  dürli  baýlyklary  bar.  Türkmen  milletiniň has irki döwürlerden dörän we  il arasynda  dilden  dile  saklanyp  gelen  halk  döredijilikleri,  täsirli  eserleri bar.   Türkmen  halk  döredijiligi eserleri durmuşda gelin-gyzlaryň, ene-mamallaryň, çagalaryň, ýaş ýigitleriň uly adamlaryň, ýaşulylaryň   her biri barada görelde, nusga alarlyk mazmuna baýdyr. Meselem, ÝUNESKO-yň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen Görogly eposynda zenan maşgalalar örän işjeň  hereket  edýärler,  eger  gerek  bolsa,  olar  ellerine  ýarag  alyp,  göreş  meýdanyna çykmakdan hem  gaýtmaýarlar.  Bu eposda dostluk  meselesi,  ýoldaşyna wepalylyk, garyp-gasarlara kömek etmek her bir meseläni geňeşli  çözmek,  ula  hormat  etmek,  myhmanparazlyk...  ýaly  halkyň  oňat  görüm-göreldeleri örän berk saklanýar. Şeýle-de, mert ýigitleriň söweş ý [...]

Dowamyny oka
Asudalyk – bagtyýar geljegimiziň kepili

Asudalyk – bagtyýar geljegimiziň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda: bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, oba-hojalygynda, halkara gatnaşyklarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu asylly işleriň gözbaşynda bolsa halkyň bähbidi, ýaş nesiller hakdaky aladalar dur. Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy hem ýaş nesilleriň köňül buýsanjyny has-da artdyrdy. Taryhyň bütin dowamynda türkmen halky parahatçylyk söýüji, asudalygyň goragçysy hökmünde tanaldy. Bu asylly ýörelgeler häzirki günlerde hem Milli Liderimiz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Ýurdumyz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün edýär, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýär, ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýär. Ykdysady-syýasy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny işläp taýýarlamak, uly göwrümli sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek, [...]

Dowamyny oka
Danalar bilim hakynda

Danalar bilim hakynda

Köp işde şägirt bolanyňdan, bir işde ussat bol!Ymam Gazaly. ***Ýazgy ýazýan eli görmedik adam haty hereket edýän galam ýazýandyr öýder.Möwlana Jelaleddin Rutny.***Birzady hakykatdan bilmek oňa düşünmek bilen amala aşar.Sokrat. ***Okamagy hiç bir hazyna çalyşmaň!Gibben.***Her bilýän zadyňy aýtma, her aýdýan zadyňy bil!..Klaudius.***Bilimi beýik bil, okuwy uly,Bulary bilen Taňrynyň guly.***Kim okuwly bolsa, ol uly bolar,Kim bilimli bolsa, beýige galar.***Okan adam ozar, bilimli utar,Bilimliň, okuwlyň dilegi biter.Yusup Balasagunly.ToplanGülälek SATYBALDYÝEWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.Daşoguz habarlary 30.11.2023 №48 [...]

Dowamyny oka
Bitaraplygyň mizemez binýady

Bitaraplygyň mizemez binýady

Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň bütin dünýä we sebit döwletleri bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy berkitmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň düýp esasy bolup durýar. Türkmenistan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barmak bilen, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olary hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda özara gatnaşygy ýola goýýar.Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň bütin dünýä we sebit döwletleri bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, jemgyýetde dumuklylygy, ylalaşygy berkitmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň düýp esasy bolup durýar. Türkmenistan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barmak bilen, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olary hormatlamak, deňhukuklylyle ýörplgplpri esasynda özara gatnaşygy ýola goýýar.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi öňüni alyş diplomatiýasydyr. Ony gözel paýtagtymyzda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunç [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09