Beýik söz ussadynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Täze 2024-nji ýylyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan ugur alnyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýändigi mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.Şahyryň arzuw eden berkarar döwleti bu gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulus-ilimize peşgeş beren döwletli döwranynda hasyl boldy.Magtymguly ulyny sylamagy, olara hormat goýmagy ýaşlary terbiýelemekde adamkärçiligiň iň gowy häsiýetleriniň biri hasaplaýar. Ösüp gelýän ýaş çagany terbiýelemek onuň ene-atasy bilen bir hatarda mugallymlaryň hem borjuna girýär. Mekdepde zähmet çekýän islendik mugallym okuwçylaryň terbiýesine biparh garap bilmeýär. Ýaş nesli arassa ahlakly, watansöýüji, halal we sylag-hormatly edip terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hemişe uly gollanmadyr. Şahyryň bize miras galdyran ajaýyp goşgularyny okadýan islendik sapagymyzda çaga terbiýesi üçin peýdalanmak bolar. Ş [...]
Dowamyny oka