Ak keçe ak arzuwa atarýar
Keçäniň dürli maksatlar üçin ulanylmagy bu senediň barha kämilleşip, sungat derejesine ýetirilmegine getiripdir. Keçeden ak öýleriň düşegi, serpigi, atlar üçin ýapynja, düýeler üçin halyk, sandyklara örtgi, sallançak üçin düşek, namazlyk, dolak, jorap, ädik taýýarlanypdyr. Keçe önümlerinden ýaş çagalara niýetlenip taýýarlanýan eşikler çaga döwründen başlap, ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar.Arassa ýüňden ba sylyp taýýarlanan ak keçeden çaga üçin ýorganjyk, elde sünnälenip tikilen daşky eşikler, joraplar, ädikler, ädige çalymdaş şüwmenler taýýarlanypdyr. Milli nagyşlar bilen oglan ýa-da gyz bäbejikler üçin tapawutlandyrylyp bezelen ak keçe ädigi (şüwmen) göreniňde başarjaň we dörediji türkmen zenanlarynyň el işlerine buýsanjyň artýar. Ak keçeden taýýarlanan önümler «jüýje», «it dişi», «güIýaýdy», «ak tüýnük», «alaja», «pytga», «zynjyr», «daragt», «käbe ýoly» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir.Diş toýunda ak keçede çagany oturdyp, üstünden ak patrak seçilmegi, saç toýunda bolsa ak keçäniň üstünde oturdyp, daýysyna saçynyň aldyrylmagy, ýaşulularyň [...]
Dowamyny oka