Durmuşda mugallymlar bolmasa synp otagy hem bolmazdy

Durmuşda mugallymlar bolmasa synp otagy hem bolmazdy

Alkyş eýesi hasaplanýan mugallymçylyk käri – köpugurly, döredijilikli zähmeti talap edýär. Öz kärini ýürekden söýüp, çagalary edepli-ekramly, bilimli-düşünjeli edip ýetişdirýän mugallym bagtly, ilhalar adamdyr.Mälim bolşy ýaly, bilim boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň 4-nji maksadynyň kabul edilmegi hem ýokary hilli bilimi üpjün etmekde mugallymlaryň bilim ulgamynda 2030-njy ýyla çenli gün tertibine ýetmegiň açary hökmünde ykrar edýär. Onda geçmişde bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri bellenilýär we galan päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň ýollary öwrenilýär.Jemgyýet bina bolsa, maşgala onuň sütüni hasaplanýar. Çagalara berilýän edep-terbiýe bolsa ertirki günde jemgyýetimiziň nähili boljakdygyny kesgitleýär. Hut şu esasdan hem her bir mugallym edep-terbiýeli şahsyýetleriň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda aýratyn aladalanýarlar.Ýaşlaryň ylymly, bilimli, ilhalar ynsanlar bolmaklaryny gazanmakda ata-eneleriň, maşgala agzalarynyň şahsy göreldesiniň zerurdygy düşnükli. Şahsy görelde terbiýe bermekligiň iň gowy nusgasydyr. Maşgala agzalarynyň birek-birek we jemgyýetdäki beýleki adamlar bilen gatnaşygy hem çaga terbiý [...]

Dowamyny oka
BITARAPLYK – BUÝSANJYMYZ

BITARAPLYK – BUÝSANJYMYZ

Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.Geçmişe ser salsaň, pederlerimiziň dünýä halklaryna sary uzaýan ýollarymyza gözüň düşýär. Şol ýollar barada ýazylan ýazgylarda türkmeniň adalatly, ynsanperwer, mert häsiýetleri barada aýdylypdyr. Ine, bu gün mukaddes topragymyzda binýady berkden bina edilen döwletimiz pederlerimiziň dünýäniň çar ýanynda mukaddes, milli häsiýetlere esaslanyp gurlan, hoşniýetli gatnaşyk saklan ýollaryna täzeden jan beren, olaryň asuda, erkin ýaşamak ýaly mukaddes arzuwlaryny wysal eden Garaşsyz, baky Bitarap döwletdir.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary hasyl bolýar. Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan ata-babalarymyz parahat durmuş [...]

Dowamyny oka
Mugallymçylyk hakynda parasatly aýtgylar

Mugallymçylyk hakynda parasatly aýtgylar

Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr.Albert EÝNŞTEÝN.Mugallym talybyň akylynyň sapagy özleşdirip biljek mukdaryna görä ders bermek bilen çäklenmelidir we onuň akylynyň çatmajak zatlaryny sapaga girizmekden saklanmalydyr.Muhammet GAZALY.Öwredip öwrenýäris.SENEKA.Terbiýe üç zada mätäç: zehine, ylma, türgenleşige. Mugallymyň talapkärligi atanyň mährinden ýegdir.Pars pähimi.Mugallym üçin iň uly şatlyk öz okuwçysynyň öwülmegidir.Şarlotta BRONTE.Gaýtalamak bilimiň enesidir, ýöne döredijiligiň ganym duşmanydyr.L.MARTYNOW.Başgalara öwredeniňde has çalt hem gowy öwrenýärsiň.Roza LÝUKSEMBURG.Biz öwredýänlerimizden öwrenip bilýärisJ.HELEMENDERIS.Eger mugallym diňe öz kärini söýýän bolsa, gowy mugallym bolar. Eger-de mugallym işini-de, okuwçylaryny-da söýýän bolsa, ol kämil mugallymdyrN.TOLSTOÝ.Aýdýan zatlary bilen edýän işleri çapraz gelmeýän mugallym gowudyr.Katon SENZOR.Çynar GYLYJOWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.Salgy : Turkmengazet.com [...]

Dowamyny oka
2025-nji ýyla çenli Hytaýda açyk binalardaky sport oýunlary boýunça pudak dörediler

2025-nji ýyla çenli Hytaýda açyk binalardaky sport oýunlary boýunça pudak dörediler

Hytaý Halk Respublikasynda 2025-nji ýyla çenli umumy maliýe dolanyşygy, takmynan, 418 milliard amerikan dollaryna barabar bolan açyk binalardaky sport oýunlary boýunça pudagy döretmek meýilleşdirilýär. Meýilnama 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Onuň çäklerinde açyk sport desgalarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barlar.  Resminama laýyklykda, ýurduň 2025-nji ýyla çenli açyk sport desgalary köpçüligiň islegini doly kanagatlandyryp biler. Şeýlelik bilen, ilatyň aglabasyny açyk sport bilen meşgullanmaga çekmek maksat edilýär. Mundan başga-da, bu pudakdaky sport çäreleriniň görnüşini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Tursunaý SEÝILHANOWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.Salgy : Biznes Reklama [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09