"Arzuwlaryň wysal bu gün, Pyragy!" atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

"Arzuwlaryň wysal bu gün, Pyragy!" atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen ,,Arzuwlaryň wysal bu gün Pyragy!,, atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen jemleýji bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden deslapky tapgyrda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdy. Bäsleşige biziň mekdebimizden 202-nji toparyň talyby Gurbangeldiýewa Mahym, 106-njy toparyň talyby Täjibaýewa Narjan gatnaşdylar.Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň ene dilimize bolan söýgüsini artdyrmakdan, olaryň dürs ýazuw endiklerini ösdürmekden, zehinli ýaşlary höweslendirmekden, watansöýüji nesiller terbiýeläp ýetişdirmekden, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny talyplaryň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Barlag diktanty talyplardan dürs ýazuw kadalaryny bilmegi, dyngy belgileri dogry ulanmagy, hatyny owadan we sowatly ýazmagy başarmagy talap edýär. Bäsleşikde ýazdyrylan diktantlar professor mugallymlardan düzülen eminler topary tarapyndan degiş [...]

Dowamyny oka
Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi

Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilime uly ähmiýet berilýär, ýokary we orta | bilim berýän mekdepleriň döwrebap binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bitim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterleriniň, multimediýa tehnologiýalarynyň talyplardyr okuwçylaryň ygtyýaryna berilmegi, okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanylmagy bolsa, ýaşlara bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmäge mümkinçilik berýär.Hormatly Prezidentimiz «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip bellemek bilen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçirýär.Ýurdumyzda hereket edýän iri önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar innowasion tehnologiýalary ussatlarça dolandyrmagy başarýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň birnäçesiniň ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan döredilen ýyladyşhana toplumlarynda, senagat ulgamyna degişli önümçiliklerde, söwda we hyzmat ulgamlarynda zähmet çekýär. Munuň özi bilim ojaklarynda okap, hünär öwrenen ýaş [...]

Dowamyny oka
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDE WE ÇEPER EDEBIÝATYNDA NUSGAWY ÝÖRELGELER MILLI MEDENIÝETIŇ ESASYDYR

TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDE WE ÇEPER EDEBIÝATYNDA NUSGAWY ÝÖRELGELER MILLI MEDENIÝETIŇ ESASYDYR

Her  bir  milletiñ  buýsanmaga  oña  guwanmaga  dürli  baýlyklary  bar.  Türkmen  milletiniň has irki döwürlerden dörän we  il arasynda  dilden  dile  saklanyp  gelen  halk  döredijilikleri,  täsirli  eserleri bar.   Türkmen  halk  döredijiligi eserleri durmuşda gelin-gyzlaryň, ene-mamallaryň, çagalaryň, ýaş ýigitleriň uly adamlaryň, ýaşulylaryň   her biri barada görelde, nusga alarlyk mazmuna baýdyr. Meselem, ÝUNESKO-yň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen Görogly eposynda zenan maşgalalar örän işjeň  hereket  edýärler,  eger  gerek  bolsa,  olar  ellerine  ýarag  alyp,  göreş  meýdanyna çykmakdan hem  gaýtmaýarlar.  Bu eposda dostluk  meselesi,  ýoldaşyna wepalylyk, garyp-gasarlara kömek etmek her bir meseläni geňeşli  çözmek,  ula  hormat  etmek,  myhmanparazlyk...  ýaly  halkyň  oňat  görüm-göreldeleri örän berk saklanýar. Şeýle-de, mert ýigitleriň söweş ý [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09