3D-printer: ol nähili işleýär we nämelerden durýar

3D-printer: ol nähili işleýär we nämelerden durýar

Ofislerde we dürli işlerde, şeýle-de öýde ulanylýan printerleriň esasy wezipesini — kompýuterdäki resminamalary çap etmekde ulanylýandygyny hemmämiz bilýäris. Edil şonuň ýaly-da, 3D printer barada köpimiziň habarymyz bolsa-da, onuň nähili işleýändigini we nähili zatlary çap etmekde peýdalanylýandygyny bilmeýäris.Has ýönekeý dilde aýdylanda, 3D printer islendik üç ölçegli obýektleri döretmäge — mehanizmiň düzüm bölekleri, skeletiň süňkleri, titanly implant ýa-da protez, gaz turbinasynyň elementleri, keramiki gap-gaçlar, öýleriň maketleri, kiçi etrapçalaryň maketleri, oýnawaçlar, barokko stilinde uly bolmadyk heýkeljikler, köwüşler we beýlekiler ýaly zatlary ýasamaga mümkinçilik berýär. Hatda 20 sagadyň dowamynda uly bolmadyk öýleri döredip bilýän 3D printerlerem bar.Awiasiýa, maşyn gurluşygy we kosmos senagaty hem 3D printerlerde işlemegiň mümkinçiliklerini işjeň öwrenýän pudaklardyr. Bu babatda ýakynda Ilon Maskyň eýeçilik edýän kompaniýasy kosmos gämisini kosmosa uçurmagy meýilleşdirýär we onuň käbir düzüm bölekleri 3D printerde çap ediler. ABŞ-da harby uçarlaryň ýelken [...]

Dowamyny oka
Prezident Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy

Prezident Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigini nygtaýar. Döwlet Baştutany bu barada 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.Bellenilişi ýaly, ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine Türkmenistanyň işjeň goşulyşmagy ýurduň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.Salgy : Turkmenportal [...]

Dowamyny oka
Matematika – akylyň gimnastikasy

Matematika – akylyň gimnastikasy

Matematikanyň ýokary bilim berijilik güýji bar, ol okuwçylaryň akyl ukyplaryny ösdürýär.Dmitriý Pisarew.Matematikanyň düşünilip okalan on sahypasy ýat tutulyp we düşünilmedik ýüz sahypasyndan gowudyr.Djon Ýung.Matematika maňa esasan hem pikir ýöretmeleriň dogrulygy we açyklygy üçin ýarady.Rene Dekart.Matematiki şekilleri we ululyklary deňeşdirmek oýun üçin we paýhas öwrenmek üçin serişde bolup hyzmat edýär.Genrih Pestalossi.Matematika logiki pikirlenmä oňat başarjaňlyk berýär, häzirki wagtda we has irden bäri hem ol uly hormata eýe bolupdyr we has akylly adamlar ony beýleki ylymlardan has ileri görüpdirler.Anri Sen-Simon.Tebigaty has çuň öwrenmek, matematikanyň ajaýyp açyşlarynyň çeşmesidir.Jozef Fure.Tebigatda bar zatlaryň ählisi ölçeglidir.Nikolaý Lobaçewskiý.Matematika — munuň özi pikirlenmegiň kanunlaryny, geometriki jisim baradaky düşünjeleri ulanmak diýmekdir.Nikolaý Çernyşewskiý.Matematika dürli zatlary bir at bilen aýtmagyň sungatydyr.Puankare.Matematika tebigaty öwrenmekde has oňat we hatda ýeke-täk mümkin bolan girişdir. Geometriýasyz we algebrasyz mehanikany öwrenmek mümkin däl, geometriýasyz algebrasyz we mehanikasyz astronomiýany öwrenip bolmaýar, geometriýany, [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09