«Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 4 tapgyrda dowam eden gözden geçiriliş, ilki bilen, kafedralaryň, fakultetleriň, ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde geçirildi.Onuň şu ýylyň 26-27-nji maýynda bolan jemleýji tapgyrynda 25 mugallym bäsleşdi. Olar özleriniň hünär ugry boýunça pedagogik, terbiýeçilik we ylmy işleri alyp barmakdaky ussatlyklaryny görkezdiler. Şertleriň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ylym we bilim pudagyndaky milli neşirleriň wekillerinden ybarat bolan eminler topary baha berdiler.Ilki bilen, mugallymlar umumy, tejribe açyk sapaklaryny geçip, talyplar bilen işleşmegiň özboluşly taraplary boýunça ukyplaryny aýan etdiler. Şunda olaryň okuw-usulyýet işlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyşlaryna aýratyn üns berildi. Käbir şertler bäsdeşleriň ylmy işleriniň netijelerini, ýagny maslahatlarda, gazet-žurnallarda, internet neşirlerinde eden ylmy çykyşlaryna, çap bolan monografiýalarynyň, okuw gollanmalarydyr kitaplarynyň ähmiýetine, mugallymlaryň ylmy [...]
Dowamyny oka