Iş maslahaty

Iş maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşinine we durmuş ulgamyna edýän täsiri ähli ulgamlarda boluşy ýaly bilim ulgamyndaky işgärleriniň  arasynda işjeň ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň birine öwrüldi. Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy jemgyýeti maglumatlaşdyrmak diýilip atlandyrylýan aýratyn ugruň ornuna geçdi.Sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek maksady boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda geçirilýän ylmy maslahatlar, konferensiýalar onlaýn görnüşinde geçirilip özara maslahatlaşmak, edilen işler barada hasabatlary tabşymak işleri sanly bilim ulgamyny has öňdäki derejelere ýetmegine uly täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň halk maslahatyyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipleri çözmek üçin programmaçylar, inžinerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutdyk.”  diýip, ýerlikli belläp geçýär.  Türkmemnistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine geçirilen onlaýn maslahatynda (seminarynda) döwletimiziň ähli ýokary we orta [...]

Dowamyny oka
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty işläp başlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty işläp başlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi internet saýty döredildi. Bu barada türkmen metbugaty tarapyndan habar berildi.Halk Maslahatynyň internet saýtynyň döredilmegi barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde mälim etdi.– Biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, tele-radioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugatyň, elektron neşirleriň, internet saýtlarynyň we beýleki media serişdeleriniň işine uly ähmiýet berýäris. Olary halkymyz bilen jebis aragatnaşyk saklamagyň möhüm gurallary diýip hasap edýäris. Olardan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekilini media serişdeleri bilen içgin aragatnaşyk saklamaga borçlandyrdyk.Ilatyň biziň alyp barýan işlerimiz bilen tanyşmagy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty döredildi – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Internet saýtyna şu salgy boýunça girip bolýar: «maslahat.gov.tm». [...]

Dowamyny oka
Mugallymçylyk mekdebinde "eSapak" ulgamy

Mugallymçylyk mekdebinde "eSapak" ulgamy

Garaşsyz Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly önümçilik ulgamyny döretmek işi netijeli ösdürilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi bu babatda giň mümkinçilikleri açýar. Ylmyň we tehnologiýalaryň barha rowaçlanýan döwründe ykdysadyýetde bolşy ýaly bilim ulgamynda hem innowasiýalaryň orny örän uludyr.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ykdysadyýet, önümçilik pudagynda we bilim ulgamynda sanly ulgamyny ornaşdyrmak babatda ähli zerur mümkinçilikler we şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli Bilim ulgamyny dünýäde bolup geçýän tehnologik özgertmeler bilen aýakdaş ösüşiň täze hil derejesine göterilýär. Biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiz döredilýän mümkinçiliklerden has manyly peýdalanyp, awtomatlaşdyrylan programma üpjünçilikleriniň üsti bilen okatmakda has döwrebap usullardan peýdalanýar. Mekdep portalynyň üsti bilen “E-žurnal” awtomatlaş [...]

Dowamyny oka
Wagyz-nesihat duşuşygy

Wagyz-nesihat duşuşygy

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň dabaralar eýwanynda  Daşoguz welaýat hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň  gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar talyplaryň öňünde çykyş edip, neşekeşlik, arakhorluk, çilimkeşlik ýaly ýaramaz endikleriň, dürli psiohtrop maddalaryň we käbir gadagan edilen derman serişdeleriniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany barada düşündirdiler. Mundan başga-da ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, edep-ekramlylyk ýörelgelerini eýermegini gazanmak, ýurdumyzda hukuk ulgamy boýunça kabul edilen täze kararlar, kanunlar bilen tanyşdyrdylar. Talyp ýaşalara ýol hereketiniň howupsuzlygyny berjaý etmek barada birnäçe düşündiriş işlerini geçdiler.Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň watançylyk duýgusynyň ýokary bolmagyny gazanylmagynyň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09