Awtomatlaşdyrylan "Girelge" ulgamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron sungatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bu möhüm işlere hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” kabul eden Karary badalga berdi.Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda milli programma üpjünçiligini ösdürmek maksady bilen Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň informatika mugallymy D.Muhammedow tarapyndan ýazylan “GIRELGE” atly awtomatlaşdyrylan programma üpjünçiligi ýazylyp, 2020-nji ýyldan bäri hiç hili bökdençsiz işläp gelýär. Awtomatlaşdyrylan programmanyň adyndan belli bolşy ýaly, edara-kärhanalarynda işgärleriň işe gelen wagtyny, işden giden wagtlaryny hasaba alýar. Onuň üçin ýörite işgärleriň ellerinde edaranyň adyny, işgäriň adyny, familiýasyny, wezipesini [...]
Dowamyny oka