Nesil terbiýesi asylly ýörelgedir
Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti, däp -dessurlary bar. Bu gymmatly mirasa belent sarpa goýup, geljek nesilleri hem milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris.Ýaşlara milli bilim-terbiýe bermek barada, olaryň ilhalar ynsanlar, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Bu babatda biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem uly işler durmuşa geçirilýär, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji fewralynda Mugallymçylyk mekdebimizde okaýan talyplaryň ata-eneleri bilen ýygnak geçirildi. Ýygnakda mekdebimizde talyp ýaşlara berilýän bilim barada, şeýle hem alnyp barylýan terbiýeçilik işleri barada Mugallymçylyk mekdebimiziň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunç [...]
Dowamyny oka