Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen ýyl Diýarymyzyň daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen üstünlikli köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýä bileleşiginiň ýurdumyza, halkymyzyň baý medeni mirasyna, medeniýetine hem-de sungatyna barha artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy boldy.Kitaplarda beýan edilýän wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tä [...]

Dowamyny oka
Ýylyň gelşi äheňinden bellidir

Ýylyň gelşi äheňinden bellidir

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegine buýsançnamaHormatly Prezidentimiziň düýn, 27-nji dekabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde nygtaýşy ýaly, tamamlanyp barýan ýylda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz olar barada mejlisde jikme-jik durup geçmek bilen, öňde has-da belent maksatlaryň durandygyny we geljek ýylyň anyk işlere hem-de täze taslamalary amala aşyrmaga beslenjekdigini nygtady. 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi şol belent maksatlaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär.Hawa, ýene bir ýyl aýaklady. Tamamlanan her günüň ertir, paslyň özge pasyl, ýylyň täze ýyl, döwürleriň döwürler, eýýamlaryň eýýamlar üçin başlangyçdygy ýazylmadyk hakykat. Diýmek, tamamlanmak — basgançaga, kök-damara, özene hem dowamata öwrülmek. Ýene-de sanlyja günden 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna orun berer. Netijede, halkyň, döwletiň durmuşynda 2021-nji ýylda gazanylan üstü [...]

Dowamyny oka
Türkmenistanyň bitaraplygy – asudalygyň Watany

Türkmenistanyň bitaraplygy – asudalygyň Watany

Mähriban mekanyň taryhy 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrarnamasy bilen, 185 döwletiň bir agyzdan ses bermeginde gazanylan hemişelik Bitaraplygydyr. Bu taryhy sepgide  ýetmek ugrunda Türkmenistanyň degişli daşary-syýasy we diplomatik hereketleri yzygiderli we tutanýerli amala aşyrmagy hemişelik Bitaraplygyň dünýä halkara gatnaşyklary we diplomatiýa taryhynda deňi taýy bolmadyk halkara-hukuk resminamasynyň kabul edilmegi bilen dabaralandy. Ýunus Emräniň “Meniň ilim dost ilidir” diýmegi hoşniýetli hemişelik Bitaraplyk biziň ýurdumyzy goh-galmagallardan, dünýäniň dawa-jenjellerine goşulmakdan goraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Bitarap Türkmenistan” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Biz oňyn  Bitaraplyk diýilip atlandyrylýan nusgany saýlap aldyk. Onuň esasy düzgünleri parahatçylyk söýüjilikden, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlykdan, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamakdan, halkara harby bileleşiklere hem-de harby şertnamalar goşulmazlykdan ybaratdyr.” Türkmen Bitaraplygy diňe bir öz Watanymyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, bütin dünýäniň asudalygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Daşary döwletler bilen gatnaşyklarda deň [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09