Beki agaly ýatlamalar

Beki agaly ýatlamalar

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow kakamyň agasy bolansoň, men oňa «Beki kaka!» diýip ýüzlenerdim. Ol hem meni gaty gowy görerdi. Adym Gurbangül bolsa-da, gyz maşgaladygyma garamazdan, mydama maňa «Gurban oglum» diýerdi. Olara ýygy-ýygydan baryp, Beki kakamyň çaýnaharyna, köplenç, özüm serederdim. Bir gezek onuň Aşgabatdaky öýüne baramda Beki kakam öz iş otagynda işläp oturan eken. Ol meniň beren salamyma diňe çalaja baş atmak bilen çäklendi. Men Beki kakamyň bu ýagdaýyny geňräk görsem hem, sesimi çykarmadym. Ol bolsa şol ýazuw işi bilen gümra bolup otyr. Aralygynda onuň öňündäki sowan çaýyny täzeleýän. Esli wagt geçeninden soňra Beki kakam iş otagyndan daşaryk çykyp gitdi, biraz gezim edip geleninden soňra meni görüp: «O-how, bize kim gelipdir, sen haçan geldiň? Gurban oglum, sag-aman geldiňmi, obadakylar, hemmesi gurgunçylykmy?» diýip, gadyrly salamlaşyp, soraşyp başlady. Men ýylgyryp oturşyma, onuň sowallaryna baş atyp jogap berýärdim. Beki kakam meniň ýylgyrmagymyň sebäbini soranynda men:   — Beki kaka, meniň gelenim haçandy? Ýanyňyza baryp [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09