Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun!

Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun!

Pyragynyň «Ölmesden burun» goşgusynda:Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun,Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun ,Düz ýerin gadryny bilgil, derýaga dolmasdan burun,Gämide hüşgär oturgyn, girdaba gelmesden burun,Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun! —diýen setirlerinde nygtaýşy ýaly, adamda saglykdan gymmatly zadyň ýokdugyna göz ýetirmek bolar.Garaşsyz döwletimiziň we halkymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Şol aladalar çagalaryň abadan ýurtda, sagdyn durmuşda ýaşamaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işlere täze badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri babatda edýän aladalaryna mynasyp işler bilen jogap bermek, Watanymyzyň bähbitlerine ak ýürekden hyzmat etmek biziň her birimiziň, ylaýta-da, mugallymlaryň borjudyr.Biz nesillerimiziň aňynda zyýanly endiklere ýigrenç duýgusyny ir döwürden oýarmaga çalyşmalydyrys. Geljekde gönüden-göni çagalar bilen iş salyş [...]

Dowamyny oka
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde "Açyk gapylar" güni

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde "Açyk gapylar" güni

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlary 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda sagat 10:00-da  geçiriljek "Açyk gapylar" gününe çagyrýar.Dabara gatnaşyjylar Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuw maksatnamalary, okuw işiniň guralyşy, maddy-üpjünçilik binýady we Mugallymçylyk mekdebinde bilim almagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrylar.Mekdebiň ýolbaşçy düzümi we mugallymlary bilen duşuşyklar geçiriler, açyk sapaklar, gezelençler, sergiler, zehin bäsleşikleri we başga-da birnäçe çäreler gurnalar.Myhmanlara mekdebiniň bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri barada maglumat berler, okuw otaglary, lingafon otaglary we kompýuter laboratoriýalary bilen tanyşdyrylar.Geljekki dalaşgärler sport, ylmy we medeni gurnaklara gatnaşmak hem-de talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşmak arkaly talyplyk durmuşyna içgin aralaşmaga mümkinçilik alarlar.Salgysy: Daşoguz şäheri, Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy.Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-27-16; 9-37-15; 9-39-09  [...]

Dowamyny oka
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen ýyl Diýarymyzyň daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen üstünlikli köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýä bileleşiginiň ýurdumyza, halkymyzyň baý medeni mirasyna, medeniýetine hem-de sungatyna barha artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy boldy.Kitaplarda beýan edilýän wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tä [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09