Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde häzirkizaman öwrediji oýunlaryň ähmiýeti
Ynsan durmuşynda ene diliniň ähmiýeti örän uludyr. Çaganyň sözleýiş dili (onuň intellektual we sosial) ösüşiniň, dünýäni akyl ýetirmeginiň we şahsyýet hökmünde kemala gelmeginiň binýadydyr. Hususan-da, mekdebe çenli döwür (3-6 ýaş) – bu döwürde söz baýlygy işjeň artýar, grammatiki gurluşlar özleşdirilýär we aragatnaşyk endikleri kämilleşýär. Bu çaganyň diňe bir intellektual ösüşi üçin däl, eýsem, onuň duýgularynyň we häsiýetiniň emele gelmegi üçin hem esasy döwürdir.Häzirkizaman okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy maksady çagalary mekdebe doly taýýarlamakdan ybaratdyr. Sözleýiş diliniň ýokary derejesi bu taýýarlygyň iň esasy şertleriniň biridir. Emma soňky döwürde ylmyň ösmegi we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, terbiýeçilik prosesine bolan talaplary ýokarlandyrýar.Çagalar baglarynda öwrediji oýunlar çagalaryň aň-düşünje we pikirleniş ukyplaryny ösdürmekde, täze düşünjeleri we endikleri kemala getirmekde esasy usul hökmünde kesgitlenilýär. Çünki oýun mekdebe çenli ýaşly çaganyň esasy hereketlendiriji işidir. Häzirki zaman öwrediji oýunlar bu tebigy islegi [...]
Dowamyny oka