Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde zenanlaryň jemgyýetdäki orny barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýokary okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda talyp gelin-gyzlara «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň» üstünlikleri, milli gymmatlyklarymyz, asylly däp-dessurlarymyz, edep-terbiýe ýörelgeleri hem-de maşgala mukaddesligi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çärä uniwersitetiň halypa mugallymlary, talyp gyzlary we hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Çykyşlarda türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki mynasyp orny, olaryň hukuklarynyň goraglylygy, döredijilikli zähmet çekmegi we durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada bellenildi.
Duşuşykda türkmen halkynyň zenanlara goýýan belent sarpasy, maşgala ojagynyň mukaddesligi hem-de nesil terbiýesindäki zenanlaryň aýratyn orny barada giňişleýin pikir alşyldy. «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzyldan halka», «Gyzly öý — soltanly öý», «Gyzly öýe kyrk at baglanar», «Gyzly öýe rehnet ýagar» ýaly halk nakyllarynyň we atalar sözleriniň terbiýeçilik ähmiýeti açylyp görkezildi.
Şeýle hem taryhda yz galdyran beýik şahsyýetleriň arasynda türkmen zenanlarynyň hem mynasyp orun eýeleýändigi, olaryň edermenligi we göreldeli durmuş ýoly ýaş nesil üçin nusgalyk mekdep bolup durýandygy nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen zenanlaryna aýratyn hormat goýýan, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwletli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.